Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” ministri janyndan geçen hüjümçileri öwüp, olaryň maşgalalaryna ýer wadasyny berýär


 Suratda Hakkani diýip çaklanylýan adamyň doga-dileg edip, duşuşyga gelen adamlar bilen gujaklaşyşy görünýär. 
Suratda Hakkani diýip çaklanylýan adamyň doga-dileg edip, duşuşyga gelen adamlar bilen gujaklaşyşy görünýär. 

Halkara derejesinde esasy terrorçylaryň biri hökmünde gözlenýän we “Talyban” hökümetinde içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Sirajuddin Hakkani janyndan geçen hüjümçileri öwüp, olaryň hossarlaryna pul we ýer wadasyny berdi.

Ýakasy gaýyşly “Hakkani” guramasynyň lideri Hakkani Birleşen Ştatlarda gözlenýän terrorçylaryň sanawyna girizildi we on başyna 10 million dollar möçberinde baýrak bellendi.

Içeri işler ministrliginiň resmi wekili Said Hostiniň sözlerine görä, Hakkani 18-nji oktýabrda Kabuldaky kontinentara myhmanhanasynda birnäçe terrorçynyň garyndaşlary bilen duşuşdy.

Hostiniň we talyban tarapdarlarynyň twitter hasaplarynda birnäçe adamyň gowy görünmeýän ýa-da arkalaryndan alnan suratlary ýerleşdirildi. Olarda Hakkani diýip çaklanylýan adamyň doga-dileg edip, duşuşyga gelen adamlar bilen gujaklaşyşy görünýär.

Ministrligiň beýanatynda Hakkaniniň janyndan geçen hüjümçileriň maşgalalary bilen duşuşyp, merhumlaryň hatyrasyny tutandygyny aýtdy.

Owganystanyň döwlet telewideniýesi RTA Hakkaniniň her bir maşgala 125 dollar we ýer bölegini wada berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG