Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat rus-türkmen forumynda öz gämi gurluşygyna maýa goýulmagyny teklip etdi


Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň “doly kuwwatyna çykarylmagynyň” gijikmeginden nägile boldy.
Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň “doly kuwwatyna çykarylmagynyň” gijikmeginden nägile boldy.

20-nji oktýabrda, sanly ulgam arkaly, VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny maslahatlaşmak, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen guraldy diýip, TDH ýazýar.

Neşiriň anyklaşdyrmazdan beren maglumatyna görä, duşuşykda Hazar sebitinde logistik merkez hökmünde, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

Habarda VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekilendigi aýdylýar, emma hiç bir jikme-jiklik berilmeýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda daşardan maýa çekmek talabyny köp gaýtalaýar we 15-nji oktýabrda geçen hökümet maslahatynda oňa hususy eýeçilikdäki “Hazarlogistik” kärhanasynyň “Balkan” gämi gurluşygy zawodynda ýük gämisini gurmakçy bolýandygy habar berildi.

Täze deňiz porty we “Balkan” gämi gurluşygy zawody 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berildi. Olaryň gurluşygy 1,5 milliard dollara düşdi. Şol wagt bu zawodyň ýylda 4-6 gämi gurmaga kuwwatynyň ýetjekdigi aýdyldy. Emma “Balkanyň” öndüren gämileri barada habar berilmeýär.

Mundan başga, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ulanylyşy, ondan gelýän girdeji barada anyk we doly maglumat berilmeýär. Ýogsa döwlet mediasy onuň ýylda 25 million tonnadan gowrak ýük geçirmäge niýetlenendigini habar beripdi.

Türkmenistanda ýüz millionlap çykdajy edilen ençeme desganyň taslama kuwwatyndan has pes işleýändigi döwlet baştutany derejesinde hem ençeme gezek boýun alyndy. Mysal üçin, geçen ýylyň 11-nji sentýabrda geçirilen mejlisde wise-premýer Baýramgeldi Öwezowa käýinç yglan edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararynda onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy” aýdylýar. Ýöne bu hili käýinçlerden soň kemçilikleriň düzedilendigi ýa-da düzedilmändigi belli bolmaýar.

XS
SM
MD
LG