Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilelikdäki “Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi” komitetiniň onlaýn duşuşygy geçirildi


Türkmen metbugatynyň suraty
Türkmen metbugatynyň suraty

21-nji oktýabrda bilelikdäki “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” komitetiniň ýigriminji mejlisi geçirildi diýip, türkmen DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Onlaýn arkaly geçirilen duşuşyga türkmen tarapyndan DIM-niň, Ykdysadyýet, Bilim, Energetika ministrlikleriniň, "Türkmennebit", "Türkmengaz" döwlet konsernleriniň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdy.

ÝB tarapyndan duşuşyga bileleşigiň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Taraplaryň Türkmenistan bilen ÝB arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşandygy habar berilýär.

Syýasy-diplomatik gepleşikleriň, parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has işjeňleşdirilmek zerurlygy nygtaldy, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygy bellendi.

Şeýle-de habarda Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky maslahatlaşma duşuşyklarynyň, şol sanda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky sebitara hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýe bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG