Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Özbek gullugynyň işgärlerine atylan "elhenç" haýbatlary derňemäge çagyrýar


Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Özbegistanyň häkimiýetlerini geljek hepde geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň işgärlerine atylan köp sanly ölüm haýbatlaryny derhal derňemäge we žurnalistleriň howpsuz işlemegini üpjün etmäge çagyrýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat azatlygy guramasynyň 21-nji oktýabrda çap eden beýanatynda golaýda Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň işgärlerine atylan “görlüp-eşidilmedik we elhenç” haýbatlara "anyk gaýtawulyň" berilmelidigi aýdylýar.

"Hiç bir žurnalist şeýle haýbatlar astynda işlemeli däldir we özbek hökümeti bu haýbatlaryň gelip çykyşyny derňemek we günäkärleri jogapkärçilige çekmek üçin gyssagly çäre görmeli" diýip, CPJ-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň utgaşdyryjysy Gulnoza Said aýtdy.

16-njy oktýabrda diňe bir günde, 30 minut içinde Özbek gullugynyň Telegram kanalynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň žurnalistlerine haýbat atylýan onlarça ýazgy peýda boldy.

Wulgar ýazgylarda, pornografiki şekiller we “Ozodligiň hakyky maksady Özbegistanda pitne turuzmak, parahatçylygy bozmak we biziň prezidentimizi biabraý etmek” diýen şol bir sözler bilen, kelle kesmek we jynsy zorluk haýbatlary atylýar.

Şeýle-de, bu ýazgylarda Azatlygyň Özbek gullugynyň işgärleriniň we olaryň ejeleriniň adresine kemsidiji sözler aýdylýar.

Ýazgylaryň köpüsi näbelli hasaplardan geldi. Emma muňa garamazdan, Özbek gullugynyň Telegram aragatnaşyk menejerleri azyndan iki haýbatyň Özbegistanyň hökümetiniň ýaragly güýçlere degişli syýasatyny wagyz edýän ulanyjylar bilen baglanyşykly hasaplardan gelendigini anyklady.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý bu haýbatlary "ýigrenji" diýip atlandyrdy we Daşkent hökümetini garaşsyz metbugata garşy gorkuzyş taktikalary ulanmagy derrew bes etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG