Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alekseý Nawalny Saharow baýragyny korrupsiýa garşy göreşijilere bagyşlady


Alekseý Nawalny özüne berlen Andreý Saharow baýragyny "bütin dünýäde we islendik görnüşde korrupsiýa garşy göreşijilere" bagyşlady. Bu habar dördünji gün syýasatçynyň sosial ulgamlarynda peýda boldy.

Çap edilen bellikde “žurnalistlerden aklawçylara çenli, emeldarlardan we deputatlardan başlap, bu göreşi goldamak üçin köçelere çykýan” ähli göreşiji hakynda gürrüň edilýär.

"Biraz gorkunç bolan pursatlarynda hem olara tutanýerlilik we gaýduwsyzlyk arzuw edýärin" diýip, oppozisioner sözüniň üstüni ýetirýär.

Alekseý Nawalny özüne berlen baýrak baradaky habary aklawçydan eşidipdir.

Saharow adyndaky "Pikir azatlygy ugrunda" baýragy oppozisionere Ýewropa Parlamenti tarapyndan 20-nji oktýabrda berildi.

Alekseý Nawalnynyň kandidaturasy baýraga Ýewropa Parlamentiniň iň uly fraksiýasy - Ýewropanyň Halk Partiýasy we deputatlarynyň sany boýunça üçünji orunda durýan liberallar fraksiýasy, "Ýewropany täzele" tarapyndan hödürlendi.

Rus syýasatçysy bu baýraga “erkinlik, demokratiýa we adam hukuklary ugrundaky göreşde görkezen edermenligi üçin” mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG