Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda maska geýmek düzgüni ýatyryldy, lukmanlar bu karary tankyt edýär


Hassahana otagy. Minsk, 20-nji oktýabr, 2021.
Hassahana otagy. Minsk, 20-nji oktýabr, 2021.

Belarus häkimiýetleri ýurtda koronawirus näsaglarynyň täze rekord görkezijileri hasaba alnandan bir gün soň girizilenine iki hepde hem bolmadyk maska geýmek düzgünini ýatyrdy.

Bu karara awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen maska düzgünini we beýleki çäreleri ýatyrandan soň gelindi.

Maska geýmek düzgüni şu aýyň başynda, ýokanç keselleriň täze tolkunlarynyň arasynda girizilip, belaruslardan jemgyýetçilik ulaglary we dükanlar ýaly, köpçüligiň toplanýan ýerlerinde lukmançylyk maskalaryny geýmek talap edildi.

COVID-19 näsaglaryny bejerýän lukmanlar bu düzgüniň ýatyrylmagy barada çykarylan karara gaty geň galdylar.

Doktor Nikita Soloweý, Belarusyň ýokanç keseller boýunça öňdebaryjy hünärmeni, ýokanç keseliň barha möwjeýän wagtynda kabul edilen karary “dälilik” diýip häsiýetlendirdi.

Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň häkimiýetleri soňky hepdelerde, ýokanç keselleriň täzeden möwç alyp başlamagy bilen, sebitde bir topar çäklendirme girizmäge mejbur boldular.

Russiýa 30-njy oktýabrdan başlap tutuş ýurt boýunça “işlenmeýän” hepde düzgünine başlaýar, Ukrainanyň ýokary ýokanç töwekgellikli ýerlerinde, şol sanda Kiýewde mekdepler ýapylyp, iki hepdelik dynç alyş yglan edildi.

Latwiýa bolsa, täze koronawirus keseline ýoluganlaryň sanynyň iň ýokary derejä ýetmegi sebäpli, bir aýlyp petiklenmä başlady. Şu aralykda Bolgariýanyň we Rumyniýa keselhanalarynda hem näsaglaryň sanynyň köpelýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG