Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana sapar eder


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 24-25-nji oktýabrda döwlet sapary bilen Türkmenistanda bolar.

Gazagystanyň döwlet baştutanynyň metbugat wekili Berik Ualiniň özfeýsbuk sahypasynda ýazmagyna görä, bu sapar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

Sapar wagtynda döwlet baştutanlarynyň dar we giň çäklerde gepleşik geçirmegi meýilleşdirildi, söwda-ykdysady, geçiş-ulag we medeni-ynsanperwerçilik ugurlarynda gazak-türkmen strategiki hyzmatdaşlygyny çuňlaşyrmak mümkinçiliklerine seredilmegine garaşylýar diýip, gazak resmisiniň sosial mediadaky habarynda aýdylýar.

Şeýle-de ol regional meseleler boýunça pikir alyşyljakdygyny, saparyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyga gol çekiljekdigini belleýär.

Bu habary wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow hem bäşinji gün geçirilen hökümet mejlisinde tassyk etdi.

TDH iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG