Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ýolbaşçylygyndaky KHŞG täjik-owgan serhedinde ýene bir türgenleşik geçirýär


Täjik-owgan serhedi
Täjik-owgan serhedi

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) agzalary Täjigistanda, Owganystan bilen aradaky serhediň ýakasynda terrorçylyga garşy ýene bir okuw türgenleşigine başlady.

23-nji oktýabrda başlanan türgenleşikde awtoulag kerwenleriniň serhetden aşyp, Owganystandan Täjigistana söweşijileri alyp gelmegi bilen bagly sahna taýýarlanýar.

Okuw türgenleşikleriniň çäginde Täjigistanyň harby-howa güýçleriniň sowet döwrüne degişli iki uçary, Aero L-39 Albatros türgenleşik uçarlary Owganystan bilen serhetden 20 km çemesi uzaklykda ýerleşýän Harb-Maidon türgenleşik meýdançasynda howa arkaly gözeçilik, aňtaw çärelerini geçirdi.

Olar söweşijileriň iki sany ýasama awtoulag kerwenini görüp, olaryň ýerleşýän anyk salgylaryny Täjigistanyň Döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň serhet gullugyna iberdiler.

Netijede, täjik serhetçileri duşmanyň ýasama ulaglarynyň öňüni kesmäge iberilýär. Granatamýotlary we hüjüm ýaraglaryny ulanmak bilen, bu türgenleşige KHŞG-nyň ýörite güýçleri hem gatnaşýar.

Bu Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň “Talyban” awgust aýynda Owganystany eýeländigini yglan edenden soň Täjigistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda geçiren türgenleşikleriniň üçünjisi bolup durýar.

KHŞG-nyň metbugat sekretary Wladimir Zainetdinow bu guramanyň dördünji türgenleşiginiň noýabr aýynda, ýene täjik-owgan serhediniň golaýynda geçiriljekdigini aýtdy.

Umuman alanyňda, KHŞG-nyň türgenleşiklerine 4000 harby we 500-den gowrak harby ulag gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG