Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň gündelik COVID ölümi tapgyr bäşinji günüň rekordyny goýdy


23-nji oktýabr, 2021. Russiýada geçen 24 sagadyň dowamynda 37,678 täze COVID-19 näsagy hasaba alyndy.

Russiýa 23-nji oktýabrda geçen 24 sagadyň dowamynda 1075 COVID-19 pidasynyň hasaba alnandygyny habar berdi, bu gündelik derejede tapgyr bäşinji gün gaýtalanan rekord bolup, häkimiýetleriň tutuş ýurt boýunça iş ýerlerini ýapmaga we paýtagty petiklemäge taýynlanýan wagtyndaky ýagdaýy görkezýär.

23-nji oktýabrda Russiýada geçen 24 sagadyň dowamynda 37,678 täze COVID-19 näsagy hasaba alyndy.

COVID-19-a garşy dünýäde ilkinji sanjymlaryň birini döredendigine garamazdan, Russiýa ilatynyň diňe üçden birine sanjym etdi. Bu Ýewropadaky iň pes derejeleriň biri hasaplanýar.

Prezident Wladimir Putin şu hepde ähli orsýetlini sanjym almaga çagyrdy we noýabr aýynyň birinji hepdesinde bütin ýurt boýunça iş ýerleriniň ýapylmagyny tassyk etdi.

Moskwa häkimiýetleri 28-nji oktýabrdan başlap bölekleýin petikleme girizýärler, diňe dermanhana we azyk dükanlary ýaly möhüm söwda nokatlarynyň açyk bolmagyna rugsat berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG