Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanlylar prezident saýlaýar, Mirziýoýewiň ýene-de aňsat ýeňmegine garaşylýar


Özbekler prezident saýlaýar. Daşkent, 24-nji oktýabr, 2021.
Özbekler prezident saýlaýar. Daşkent, 24-nji oktýabr, 2021.

Özbegistanda şu gün, 24-nji oktýabrda prezident saýlawy geçirilýär we, oppozisiýa kandidatlary bolmansoň, häzirki prezident Şawkat Mirziýoýewiň ikinji möhlete hem aňsat saýlanmagyna garaşylýar.

Mirziýoýew ses berişlikde kän tanalmaýan we umuman hökümeti goldaýan dört kandidat bilen bäsleşer. Ýurduň üç oppozisiýa partiýasyna ne hasaba durmak, ne-de bäsleşige dalaşgär bolmak rugsady berildi

Bu Özbegistanyň, takmynan 35 million ilatly ýurduň 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri geçirýän altynjy prezident saýlawy bolar.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň habaryna görä, ýurduň 10,760 saýlaw uçastogynda 21,25 million çemesi saýlawçynyň ses bermegine garaşylýar.

Saýlawlar ýerli wagt bilen ir sagat 8-de açyldy we agşam sagat 8-de ýapylmaly.

Özbegistanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Jaloliddin Usmonow ses berişligiň ilkinji sagadynda 2,4 million saýlawçynyň, saýlawçylaryň takmynan 12 göteriminiň ses berendigini aýtdy.

Daşary ýurtda ýaşaýan özbek raýatlarynyň Özbegistanyň ilçihanalarynda we konsullyklarynda, şol sanda Moskwadaky özbek ilçihanasynda we Russiýanyň beýleki alty ýerinde açylan 100 töweregi saýlaw uçastogynyň birinde ses berip biljekdigi aýdylýar.

Özbek saýlaw kanunlaryna laýyklykda, parlament ýa-da prezident saýlawlaryna dalaşgärleri diňe hasaba alnan syýasy partiýalar hödürläp biler.

Hasaba alynmadyk üç oppozisiýa partiýasynyň, Erk Demokratik partiýasynyň, Hakykat we ösüş partiýasynyň, Halk bähbidi partiýasynyň hasaba durmak synanyşyklary hiç bir netije bermedi we ahyrynda, resmi basyşlar sebäpli, olar saýlawa dalaşgär ibermek tagallalaryny bes etmeli boldular.

Mirziýoýewiň kampaniýa wagtynda ýeke-täk göze ilen bäsdeşi Alişer Kodirow boldy, ol ýurduň daşynda işleýän özbekleriň Özbegistanda salgyt tölemegi baradaky talaby öňe sürdi.

Bu garaýyş daşary ýurtlarda işleýän maşgala agzalarynyň iberýän puluna garaşly bolan özbekleriň, ilatyň aglaba bňleginiň arasynda düýpden halanmaýar.

Mirziýoýew Kodirowyň bu teklibine aç-açan garşy boldy.

Käbir synçylar Kodirowyň salgyt teklibini Mirziýoýewe has köp ses bermekleri üçin edendigini öňe sürýär. Bu pikir Kodirowyň Milli galkynyş partiýasynyň Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasy bilen parlament koalisiýasynda durmagy esasynda hem tassyk bolýar.

Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşýan bäş kandidat we olaryň syýasy partiýalary şulardan ybarat: Adolat partiýasyndan Bahrom Abduhalimow, Halk demokratik partiýasyndan Maksuda Borisowa, Ekologiýa partiýasyndan Narzullo Oblomuradow, Milli galkynyş partiýasyndan Alişer Kodirow we Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasyndan Mirziýoýew.

Borisowa Özbegiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşan ikinji aýal bolsa, Oblomuradow Ekologiýa partiýasy tarapyndan hödürlenen ilkinji prezidentlige kandidat boldy.

Diňe 64 ýaşly Mirziýoýew ozalam prezidentlige dalaş eden syýasatçy bolup, onuň o diýen tanalmaýan bäsdeşlerinden aňsatlyk bilen üstün çykmagyna garaşylýar.

Mirziýoýew 24-nji oktýabrda aýaly we üç çagasy bilen gelip, Daşkendiň etegindäki saýlaw uçastogynda ses berdi.

Ol ses bermezinden öň surat düşmek üçin ýylgyrdy, emma metbugat üçin hiç zat aýtmady.

Mirziýoýew Özbegistanyň ilkinji we özüne çenli ýeke-täk prezidenti bolan Yslam Karimow aradan çykýança, 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli premýer-ministr bolup işledi.

Soňra Mirziýoýew ýerine ýetiriji prezident boldy we 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen irki saýlawda 90 %-den gowrak ses alyp, aňsat ýeňiş gazandy.

Prezident saýlawyna 970 töweregi daşary ýurtly synçy gözegçilik eder.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik guramalar we Adam hukuklary edarasy ýurda 28 sany uzak möhletli, 250 sany gysga möhletli synçy iberdi.

Sowet Soýuzy dargandan soň garaşsyz ýurt bolan Özbegistanda geçirilen hiç bir parlament ýa-da prezident saýlawy Günbatar saýlaw toparlary tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.

XS
SM
MD
LG