Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe tussag edilen telekeçi Kawala beren goldawy üçin 10 ilçini ýurtdan çykarar


64 ýaşly Kawala 2020-nji ýylda 2013-nji ýylda hökümete garşy geçirilen protestleri guramak bilen baglanyşykly bildirilen aýyplamalardan aklandy.
64 ýaşly Kawala 2020-nji ýylda 2013-nji ýylda hökümete garşy geçirilen protestleri guramak bilen baglanyşykly bildirilen aýyplamalardan aklandy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan daşary ýurtlaryň on ilçisini, şol sanda ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ilçilerini, 2017-nji ýyldan bäri jenaýatda ýazgarylman tussag saklanylýan telekeçiniň boşadylmagy baradaky talaplary üçin, ýurtdan çykarmagy buýurdy.

Erdogan 23-nji oktýabrda bu ilçileriň beýanatyny "äsgermezlik" hökmünde häsiýetlendirdi we olaryň personae non gratae, “islenilmeýän adamlar” diýlip yglan edilmegini buýurdy.

Haýyr-sahawatçy Osman Kawala garşy açylan kazyýet işiniň çözülmegi baradaky çagyryşa Gollandiýanyň, Kanadanyň, Daniýanyň, Şwesiýanyň, Finlandiýanyň, Norwegiýanyň we Täze Zelandiýanyň ilçileri hem goşuldy.

64 ýaşly Kawala 2020-nji ýylda 2013-nji ýylda hökümete garşy geçirilen protestleri guramak bilen baglanyşykly bildirilen aýyplamalardan aklandy.

Emma muňa garamazdan, oňa täze günä, 2016-njy ýylda Erdogana garşy döwlet agdarylyşygyny guramak synanyşygy bilen baglanyşykly aýyplamalar bildirildi.

Eger-de günäli tapylsa, ol bu aýyplamalar esasynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

Syýasy sebäplidigini aýdyp, halkara adam hukuklary toparlary bu işi ýazgaryp çykyş etdi.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti 2019-njy ýylda Kawalanyň jenaýat edendigini tassyklaýan hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýdyp, onuň türmeden boşadylmagyny talap etdi.

Ýewropa Geňeşi hem Kawalanyň boşadylmagyna çagyrdy.

XS
SM
MD
LG