Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Aşgabada öz wagtynda berlen ygtybarly maglumatlaryň we adam hukuklary meselesiniň möhümdigini ýatlatdy


Türkmen metbugatynyň suraty
Türkmen metbugatynyň suraty

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen 21-nji oktýabrda geçiren maslahaty barada metbugat maglumatyny çap etdi.

Bilelikdäki ÝB-Türkmenistan komitetiniň 20-nji maslahaty onlaýn arkaly geçirilip, onda taraplaryň geçen ýyldaky gatnaşyklary, hususan-da söwda, ykdysady ösüş we ösüş maksatly hyzmatdaşlykda gazanylan progres gözden geçirildi. Iki tarap hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändigini tassyklady.

Syýasy kararlaryň kabul edilmegi üçin ygtybarly we öz wagtynda berlen statistiki maglumatlaryň möhümdigini bellemek bilen, ÝB wekilleri Türkmenistany statistika meselesinde ýakyndan hyzmatdaşlyga çagyrdylar.

Harbarda aýdylmagyna görä, ÝB Türkmenistanyň dördünji uly söwda hyzmatdaşy bolup, Aşgabadyň ÝB ýurtlaryna edýän eksportynyň köp bölegi uglewodorod önümlerden ybarat.

ÝB we onuň beýleki söwda hyzmatdaşlary öz ykdysadyýetlerini karbonsyzlaşdyrar we uglewodorod importyny azaldar, bu Türkmenistanyň hem öz söwda ugurlaryny diwersifikasiýa etmelidigini görkezýär. Ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa edilmegine ýardam bermek üçin, ÝB Türkmenistany BSG-ä goşulmak prosesini çaltlaşdyrmaga çagyrdy.

2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän ýyladyşhana gazlarynyň möçberini 30%-e çenli azaltmak üçin, Türkmenistan global metan wadasyna (Global Methane Pledge) hem goşulmaga çagyryldy.

Halkara metbugatyna çykan habarlardan belli bolşuna görä, Türkmenistan howa metan zyňyndylaryny, iň ýaramaz ýyladyşhana gazlarynyň birini syzdyrmakda dünýäde üçünji ýurt hasaplanýar.

Adam hukuklary barada aýdylanda, ÝB-niň wekilleri bu ugurdaky öňegidişligiň gatnaşyklaryň gowulanmagy, hususan-da taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk we partnýorlyk şertnamasynyň tassyklanmagy üçin esasy mesele bolup durýandygyny bellediler.

Türkmen DIM-niň bu maslahat barada çap eden habarynda ÝB-niň çap eden maglumatyndaky jikme-jiklikler aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG