Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň 10 ilçini çykarmak haýbatyndan soň, diplomatiki dartgynlylyk gowşady


Osman Kawala (arhiw suraty)
Osman Kawala (arhiw suraty)

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Güntabar döwletleriniň 10 sanysynyň ilçilerini gadagan etmek baradaky haýbatlaryndan birnäçe gün soň, Türkiýe bilen bu döwletleriň arasyndaky dartgynlylyklar gowşady.

Erdogan diplomatiki dartgynlylyklaryň arasynda 25-nji oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda çykarylmagyny buýuran Günbatar ilçileriniň sapaklaryny alandyklaryny, şeýle-de olaryň “mundan beýläk has seresap boljakdyklaryny” aýtdy.

“Biz krizisi döretmegi düýbünden maksat edinmeýäris, biz namysymyzy, buýsanjymyzy we özygtyýarlylyk hukuklarymyzy goramak isleýäris” diýip, Erdogan telewideniýede eden çykyşynda belledi.

ABŞ we gürrüňi gidýän beýleki döwletler birmeňzeş beýanat ýaýradyp, onda diplomatlaryň ýerleşýän döwletiniň içeri işlerine gatyşmaly däldigi baradaky BMG-niň konwensiýasyna hormat goýýandyklaryny bellediler.

Diplomatiki dawa Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň, Kanadanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Niderlandlaryň, Täze Zelandiýanyň, Norwegiýanyň we Şwesiýanyň ilçihanalarynyň tussaglykdaky haýyr-sahawatçy telekeçi Osman Kawalanyň boşadylmagy boýunça ýaýradan bilelikdäki beýanatyndan soň döredi.

64 ýaşly Kawala 2020-nji ýylda 2013-nji ýylda hökümete garşy geçirilen protestleri guramak bilen baglanyşykly bildirilen aýyplamalardan aklandy.

Emma muňa garamazdan, oňa täze günä, 2016-njy ýylda Erdogana garşy döwlet agdarylyşygyny guramak synanyşygy bilen baglanyşykly aýyplamalar bildirildi.

Kawala özüniň günäsizdigini aýdýar.

Erdoganyň hökümetiniň tankytçylary Kawala bilen bagly meseläniň dissidentlere garşy alnyp barylýan giň gerimli basyşlaryň bir mysalydygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG