Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içden urgy. Putin näme üçin Tatarstanyň baştutanyny "prezident" statusyndan mahrum etmek isleýär


Öň hatarda: Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem Tatarstanyň prezidenti Rustam Minnihanow Kazan şäherindäki “Tupolew” önümçilik birleşiginiň bölümi bolan S.P. Gorbunow adyndaky awiasiýa zawodyna sapar edýärler. 2019-njy ýylyň maýy.
Öň hatarda: Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem Tatarstanyň prezidenti Rustam Minnihanow Kazan şäherindäki “Tupolew” önümçilik birleşiginiň bölümi bolan S.P. Gorbunow adyndaky awiasiýa zawodyna sapar edýärler. 2019-njy ýylyň maýy.

Russiýanyň täze saýlanan Döwlet Dumasynyň gün tertibinde, Russiýanyň ähli sebitleriniň administratiw baştutanlaryny "sebit başlyklary" diýip atlandyrmak baradaky kanun taslamasy durýar. Wladimir Putiniň Tatarstan respublikasyny "prezidentden" mahrum etmek maksadyna öz häkimiýetini "ýokardan aşaklygyna" berkitmek üçin, federalizme bilkastlaýyn edýän zarbasy hökmünde garalýar.

Sebitlerde ýerine ýetiriji häkimiýet başlyklarynyň wezipelerini bellemek tertibi baradaky resminama Döwlet Dumasynyň täze düzümine – Russiýanyň parlamentiniň aşaky palatasyna hödürlenen ilkinji kanun taslamalarynyň biridir. Bu çäre tassyklansa, prezidentleriň, häkimleriň ýa-da beýleki ýokary wezipeli adamlaryň ýerine Russiýanyň 83 sebitiniň ählisi, basyp alnan Krym we Sewastopol şäheri-de "sebit ýolbaşçylary" tarapyndan dolandyrylar.

Kanun taslamasy Döwlet palatasynyň ýokarky öýi bolan Federasiýa Geňeşinden Pawel Kraşeninnikow hem-de Andreý Klişas tarapyndan hödürlendi, ýöne köpleriň pikiriçe, ol taslama prezident Wladimir Putiniň administrasiýasynda taýýarlanan bolmaly, bu bolsa onuň kabul edilmeginiň gutulgysyzdygyny aňladýar.

Tatarstanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi kanun taslamasynyň gönüden-göni respublikanyň ähmiýetini peseltmäge gönükdirilendigine ynanýarlar. Moskwa “wertikal hökümeti”, ýagny hökümeti ýokardan aşaklygyna berkitmäge çalyşýar.

Bu ýerde beýleki bir möhüm sepgit bar, teklip 2020-nji ýylda Putine ýene iki prezidentlik möhletine dalaş etmegine rugsat berýän we ony 2036-njy ýyla çenli Kremlde galdyryp biljek konstitusiýa üýtgetmeler girizilen köp sanly paket kabul edilende ýüze çykdy.

Kazan döwlet uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Midhat Farukşin Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyrt gullugyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

— "Prezident" sözüni "ýolbaşçy" diýip üýtgetmek buýrugy Russiýanyň prezidentiniň administrasiýasyndan çykýar, şoňa görä Tatarstan bu babatda hiç zat edip bilmeýär.

1552-nji ýylda Iwan Groznynyň goşuny Kazan şäherini basyp alanda, şäheri gorap wepat bolanlaryň hatyrasyna gurnalan miting. 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry.
1552-nji ýylda Iwan Groznynyň goşuny Kazan şäherini basyp alanda, şäheri gorap wepat bolanlaryň hatyrasyna gurnalan miting. 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry.

Ol kanun taslamasyna ne sebitdäki kanun çykaryjy organ, ne-de Tatarstanyň prezidenti Rustam Minnihanow düşündiriş berip bildi. Azatlyk Radiosynyň sowalyna sebit mejlisiniň metbugat gullugy "prezident" adynyň ýatyrylmagynyň kanunydygyny ýa-da ýokdugyny kesgitlemek Tatarstan mejlisiniň ygtyýarynda däldigi barada ýazmaça jogap berdi.

Takmynan 3,8 million ilaty bolan, Orta Wolga sebitinde ýerleşen Tatarstan federalizm, ýagny merkezi hökümet bilen aralykdaky häkimiýetiň paýlanyşyna oňyn garalýan Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň biri hökmünde tanalýar. Tatarlar ruslardan soň ýurtda ikinji köplük bolup durýar. Sowet Soýuzy dargandan üç aý soň, 1992-nji ýylyň martynda sebitdäki referendumda, saýlawçylaryň takmynan üçden iki bölegi Tatarstany "özygtyýarly döwlet ... Russiýa Federasiýasy we beýleki respublikalar hem döwletler bilen gatnaşyklaryny deň şertnama esasda gurmaly” diýip ses berdiler.

Russiýanyň ilkinji prezidenti Boris Ýelsin bir wagtlar sebitlere: "Näçe eýgerip bilseňiz, şol derejede özbaşdaklyk alyň" diýdi.

Mintimer Şaýmiýew hem Boris Ýelsin Tatarstanda, 1996-njy ýyl.
Mintimer Şaýmiýew hem Boris Ýelsin Tatarstanda, 1996-njy ýyl.

Putiniň döwründe, esasanam 2000-nji ýylda Kremliň gözegçiligindäki federal sebitleriň döredilmegi, Federasiýa Geňeşiniň üýtgemegi hem-de

sebit başlyklarynyň saýlanmagy bilen federalizm pese gaçyp başlady. 2015-nji ýylda sebitleriň “prezident” wezipesini ýerine ýetiriji ýolbaşçysyna salgylanmagyny gadagan edýän kanun kabul edildi. Kreml Russiýada diňe bir prezidentiň bolup biljekdigini öňe sürdi. Şeýle-de bolsa, Tatarstan tarapyndan görkezilen basyş respublikanyň öz kanunlarynda kadadan çykmagyna Putini mejbur etdi.

Soňky kanun taslamasyna jogap hökmünde Bütindünýä milletçi tatar ýaşlarynyň forumy Moskwa hem Kazana ýüzlenip, Tatarstanyň prezidentlik wezipesini saklamagyna rugsat bermegini sorady. Olar muny respublikanyň syýasy derejesini, abraýyny; Russiýanyň hem federalizmini alamatlandyrýan şert hökmünde öňe sürmek bilen esaslandyrdylar.

“Tatarstanyň prezidenti – bu tutuş 7 million tatar halkynyň nyşany, ruhy taýdan täzeden galkynmagynyň, tatar halkynyň birleşmeginiň hem-de taryhy taýdan Russiýa Federasiýasynyň ähli subýektlerinde, GDA ýurtlarynda we dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda ýaşaýanlaryň nyşany" diýlip, 4-nji oktýabrda jar edilen ýüzlenmede aýdylýar.

Hut şoňa görä-de Kreml şol wezipäni ýatyrmak isleýär diýip, Pragada ýaşaýan sebit we etnik gatnaşyklary boýunça bilermeni Wadim Sidorow 4-nji oktýabrda ýazan makalasynda aýdýar.

1552-nji ýylda Iwan Groznynyň goşuny şäheri basyp alanda, Kazanyň wepat bolan goragçylaryny ýatlamak üçin geçirilen mitingde bir adam Tatarstanyň baýdagyny göterip dur. 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry.
1552-nji ýylda Iwan Groznynyň goşuny şäheri basyp alanda, Kazanyň wepat bolan goragçylaryny ýatlamak üçin geçirilen mitingde bir adam Tatarstanyň baýdagyny göterip dur. 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry.

Sidorow Putiniň hökümeti "liberal institusional reformalaryň hem-de respublikan milletçilik ideýalarynyň garyşmagyndan" gorkýar, sebäbi ol muny 2003-nji ýylda Gürjüstandaky Gül rewolýusiýasy we 2013–2014-nji ýyllarda Ukrainadaky Ýewromaýdan gozgalaňynyň hereketlendiriji güýji hökmünde görýär” diýip ýazdy.

Şeýle gorkularyň beýany syýasy blogçy Waleriý Kaplenkowyň rus Dumasyna hödürlenen kanun taslamasynyň "ýurduň döwlet jebisligini berkitmek üçin, ýeterlik derejede täsirli däldigi" baradaky makalasynda tassyklamagy bolup biler. Russiýa sebitdäki kanun çykaryjy ýygnaklaryň ählisi üçin ýeke-täk at gerek diýdi, kurultaý ýaly sözleri başgyrt, tatar, burýat we Russiýanyň beýleki dillerinde ulanylýan "ýygnak" manysyny aýyrmak meýlini, ýagny "dürli milli wekilçilikleri aýtmak kyn" diýip atlandyrdy.

Duma hödürlenen kanun taslamasy Tatarstanyň özygtyýarlylygyny goldaýan käbir adamlarda içki howpy oýarýar.

— "Prezident" wezipesi bolmasa, ýurt respublika bolmagyny bes eder. Döwlet nyşany, gimn ýa-da baýdak gerek bolmaz. Tatarstany goldaýanlaryň bosgunlykdaky aktiwistlere – bize goşulmakdan başga çäresi galmaz. Ýöne, dogrusyny aýtsam, bu köpleri alada goýýandyr diýip biljek däl – diýip, 2018-nji ýylda türmeden boşadylandan soň, Londona göçüp giden tatar aktiwisti Rafis Kaşapow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Kazan uniwersitetiniň syýasat professory Farukşin hem Tatarstanyň federalizmiň ýitirilmegine garşy durmaga wagtyň gaty giç bolmagy bilen ylalaşýar. 2002-nji ýylda sebitiň özygtyýarlylygyny çäklendirýän hem-de hökümetiň ygtyýarlyklarynyň bölünmegini makullaýan täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi häzirki wakalaryň gutulgysyz bolmagyna getirýär diýip, ol belleýär.

— Tatarstan ýene-de çydamaly bolar. Belki-de, kiçi mitingler geçiriler, ýöne aktiwistleriň bolup geçýän zatlara täsir etmek mümkinçiligi ýok. 2002-nji ýyl Tatarstan üçin has howpludy, şonda garşylygy beýan etmek üçin wagt bardy. Häzirki günde bolup geçýän zatlar öňkiniň diňe dowamy. [Prezident] derejesi ýitiriler, ony diňe Russiýadaky syýasat üýtgese, yzyna gaýtaryp bolar – diýip, syýasy bilermen aýdýar.

10-njy oktýabrda, özbaşdaklygyň tarapdary bolan Tatarstanyň Döwlet Dumasynyň öňki orunbasary Fandas Safiullin 85 ýaşynyň içinde, koronawirus ýokuşmagy sebäpli aradan çykdy. 1990-njy ýylyň 30-njy awgustynda Safiullin Tatarstanyň özygtyýarlylygy baradaky jarnamany respublikanyň Ýokary Sowetiniň münberinden okapdy. 1999 - 2003-nji ýyllar aralygynda Döwlet Dumasynda Tatarstana wekilçilik etdi we latyn elipbiýine esaslanýan tatar elipbiýini gorap saklamak boýunça şowsuz göreş alyp bardy.

11-nji oktýabrda Kazanda geçirilen jaýlanyş üýşmeleňinde, hoşlaşmaga gelenler onuň ölmezinden ozal aýdanlaryny ýatladylar: “Men giderin, emma millet galar. Oňa näme bolar? Ýaşlar biziň ornumyzy tutarmy?"

Makala taýýarlananda, Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyrt gullugynyň materiallaryndan peýdalanyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG