Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" BMG-niň serhede getiren ynsanperwer kömegini geçirmäge gyssanmaýar


BMG-niň Termezdäki ýük merkezine getiren kömegi
BMG-niň Termezdäki ýük merkezine getiren kömegi

Talyplar tarapyndan döredilen hökümet BMG-nyň iberen ynsanperwer kömeginiň Termezden Owganystana geçirilmegine rugsat bermeýär diýip, ýerli habar serişdeleri BMG-niň Bosgunlar edarasynyň wekiline salgylanyp habar berdi.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň 100 tonna ynsanperwer kömegi şu aýyň ortalarynda Termez Kargo merkezine gowşuryldy. Bu kömek ýük ulaglary bilen Owganystanyň Mazari-Şerif şäherine getirilmelidi.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň wekiliniň sözlerine görä, Owganystana iberilmeli ýük henizem Termezde saklanylýar, olaryň mätäçlere baryp ýetmegi owgan tarapynyň importa rugsat berip-bermezligine bagly.
Bu meseläniň BMG-niň Kabuldaky edarasy tarapyndan çözülýändigi habar berilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, BMG Owganystana iberilýän kömegi Özbegistanyň üsti bilen geçirmek kararyna geldi.

BMG resmileriniň maglumatyna görä, Owganystandaky gumanitar krizisi barha çuňlaşýar we şu günki gün azyndan 20 million owganlynyň kömege mätäçdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG