Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak obasyndaky mekdep dawasynyň pitnä ýazandygy aýdylýar


Hytaý bilen serhetde ýerleşýän etniki taýdan garyşyk obada mekdep okuwçylarynyň arasynda dörän çaknyşyklaryň bidüzgünçiliklere ýazmagy bilen, gazak polisiýasy iki sany jenaýat işini aýdy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, 27-nji oktýabrda Hytaý serhedinden 25 km uzaklykda ýerleşýän Penjim obasynda, orta mekdep okuwçylarynyň arasynda dörän oňuşmazlyk özara çaknyşyklara alyp geldi.

Polisiýa 16 ýaşly bir ýetginjegiň keselhana äkidilendigini aýtdy. Beýleki tassyklanmadyk habarlarda birnäçe adamyň ýaralanandygy öňe sürülýär.

Pidžimiň ýerleşýän ýeri bolan Panfilow etrabynda 130,000 töweregi garyşyk ilat bolup, olaryň köpüsi gazaklardan ybarat. Ýöne bu ýeriň ilatynyň 30 göterimini berk uýgur azlygy düzýär.

WhatsApp-da paýlaşylan we Penjimde surata düşürilen köp sanly wideo söweş wagtynda ýaralanan ýaşlaryň biriniň ýykylyp, ýerinden turmaýandygy görünýär.

Lukmanlar we resmiler ýetginjegiň ýagdaýy barada gapma-garşylykly maglumatlary berdiler.

Lukmanlar görnüşinden gazak bolan we söweşde kellesine zeper ýeten ýetginjegiň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar.

Emma Panfilow etrap häkimliginiň başlygy Talgat Umiraliýew Azatlyk Radiosyna ýetginjegiň ýagdaýynyň gowudygyny aýtdy.

Häkimiýetler obadaky ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny, mekdebiň howlusynda bolan söweşde we obadaky soňky bidüzgünçiliklerde iki sany jenaýat derňewiniň açylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG