Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek IIM-i wiza möhleti geçen owganlary deportasiýa etmejekdigini aýdýar


Özbegistan wiza möhleti gutaran owgan bosgunlarynyň ýurtdan deportasiýa edilmejekdigini aýdýar.

Gazeta.uz neşiriniň Içeri işler ministrliginiň wekiline salgylanyp ýazmagyna görä, bu karar Özbek-owgan serhediniň häzir şahsyýetler üçin ýapyk bolmagy bilen bagly.

Habar berilmegine görä, Özbegistanyň kanunlaryny we respublikada galmagyň kadalaryny bozmaýan daşary ýurt raýatlarynyň ählisiniň wiza möhletleri uzaldylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň birnäçesi biraz öň Özbegistanyň wiza möhletleri geçen 70 owganlyny deportasiýa etmek ähtimallygyndan alada bildiripdi.

Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, häzirki wagtda Özbegistanda 13658 owgan raýaty ýaşaýar.
Wiza möhletlerini uzaltjak owgan raýatlary Özbegistanda wagtlaýyn ýaşaýan ýerlerinde ýerleşýän migrasiýa gullugyna ýüz tutmaly diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG