Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G20 liderleriniň ýüzbe-ýüz duşuşygynda baş mesele howanyň gyzmagy bolar


G20 duşuşygy BMG-niň Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçiriljek howa konferensiýasynyň öň ýanynda geçirilýär.
G20 duşuşygy BMG-niň Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçiriljek howa konferensiýasynyň öň ýanynda geçirilýär.

Dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň ýolbaşçylary 30-njy oktýabrda Rimde toplanyp, howa üýtgemesini we dünýä ykdysadyýetini dikeltmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin iki günlük ýygnak geçirýär.

Bu 20-ler toparynyň (G20) iki ýyla golaý öň başlan pandemiýadan bäri ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar, emma gün tertibinde COVID-19 meselesi däl-de, eýsem howanyň üýtgemegi baradaky mesele agdyklyk eder öýdülýär.

G20 duşuşygy BMG-niň Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçiriljek howa konferensiýasynyň öň ýanynda geçirilýär we ýolbaşçylara, howanyň üýtgemegi meselesinde COP26 başlamazyndan ozal öňegidişlik gazanmaklary üçin, basyş edilýär.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 29-njy oktýabrda G20 liderlerine howa maksatlaryny ilerletmek üçin "has hyjuwly we has köp hereket" görkezip, ynamsyzlygy ýeňip geçmelidigini duýdurdy.

Rim papasy Fransis hem COP26 duşuşygyndan diňe söz däl-de, hereket talap edýän köplüge goşulyp, dünýäniň syýasy liderleriniň geljekki nesillere zerur bolan düýpli çäreleri görýändikleri barada "anyk umyt" bermelidigini aýtdy.

Sammite beýemçilik edýän ýurduň, Italiýanyň premýer-ministri Mario Draghi Ýigrimiler toparyny howa temperaturasynyň ýokarlanmagyny 1,5 gradusa çenli çäklendirmek barada borçnama almaga çagyrdy. 2015-nji ýylda Parižde howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen konferensiýada howa temperaturasynyň ýokarlanmagynyň senagatlaşmadan öňki derejesinden geçmezligi baradaky sepgit kesgitlenipdi.

XS
SM
MD
LG