Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aňtaw gulluklary COVID-19-yň gözbaşyny anyklap bilmezlikleriniň mümkindigini aýdýarlar


WUHAN. Gutardyş dabarasy
WUHAN. Gutardyş dabarasy

ABŞ-nyň aňtaw gulluklary COVID-19-yň haýwanlardan adama geçendigini ýa-da laboratoriýadan syzandygy barada hiç haçan anyk netije çykaryp bilmezlikleriniň ähtimaldygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň (ODNI) edarasy 29-njy oktýabrda ýaşyrynlykdan çykarylan hasabatda tebigy gözbaşyň-da, laboratoriýa syzmasynyň hem wirusyň adamlara ilkinji gezek ýokuşmagy üçin esasly çaklama bolup durýandygyny aýtdy.

Hasabat prezident Jo Baýden tarapyndan koronawirusyň haýwanlardan adama geçendigini ýa-da hytaý laboratoriýasyndan syzdyrylandygyny anyklmaka barada beren tabşyry esasynda düzülen 90 günlük synyň täzelenen görnüşi bolup durýar.

Synda aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň aňtaw gulluklary wirusyň gelip çykyşy barada gelnen netijede iki bölege bölünýär, ýöne analitikler wirusyň biologiki ýarag hökmünde döredilendigine ynanmaýar.

Hytaý pandemiýa bilen baglanyşykly derňewde doly hyzmatdaşlyk etmek ýa-da Wuhan Wirologiýa Institutynda saklanýan koronawiruslaryň genetiki yzygiderliligine elýeterliligi üpjün etmek babatda görkezilen global basyşa garşy çykdy.

XS
SM
MD
LG