Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky gazak aktiwistiniň protest hökmünde çüýleri ýuwudandygy aýdylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gazagystanda tussaglykdaky oppozisiýa aktiwisti Bagdad Baktybaýewiň özüniň türmä basylmagyna garşy protest hökmünde demir çüýleri ýuwudandygy aýdylýar.

Düýbi Almatyda ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Ar, Ruh, Hak” toparynyň öňdebaryjy agzasy Bahytjan Toregožinanyň 1-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, mundan bir gün öň oňa Baktybaýewiň çüýleri ýuwudyp özüni şikesländigi we häzir oňa gyssagly medisina kömeginiň zerurdygy barada maglumatlar gowuşypdyr.

Toregožinanyň bu meseläni 31-nji oktýabrda sosial ulgamlar arkaly gün tertibine getirmeginden soň, Gazagystanyň türmelere gözegçilik edýän gullugy maglumatlary “ýalan” atlandyryp, ret etdi.

Gulluk Baktybaýewiň hiç hili çüý ýuwutmandygyny, şeýle-de saglygy babatynda şikaýatynyň ýokdugyny aýtdy.

Toregožina bu beýanaty barlamak üçin aklawçynyň Taraz şäherindäki türmä baryp görmäge synanyşjakdygyny aýtdy. Gazak türme resmileri käwagt gözenegiň aňyrsynda bolup geçýänleri ýaşyrmaga synanyşýarlar.

46 ýaşly Baktybaýew 2020-nji ýylyň oktýabrynda tussag edildi. Oňa ýurtda gadagan edilen “Köşe” (“Köçe”) partiýasynyň agzasy bolmakda we bikanun neşe gaçakçylygynda aýyplama bildirildi. Ol fewralda iki ýyl türme möhletine höküm edildi.

Human Rights Watch hukuk topary gazak resmileriniň ekstremizme garşy kanunlary hökümetiň tankytçylaryny we raýat aktiwistlerini basyp ýatyrmak üçin gural hökmünde ulanmagyny tankytlady.

XS
SM
MD
LG