Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Mejlisi 2022-nji ýyl üçin döwlet býujetini kabul etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda, ýurduň Mejlisi geljek ýyl üçin döwlet býujetini kabul etdi.

30-njy oktýabrda sanly ulgam arkaly ýurduň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirilip, onuň dowamynda deputatlar, Halk Maslahatynyň agzalary, hökümet resmileri, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň gözegçiliginde taýýarlanan, döwlet býujetiniň taslamasyna garadylar.

Resmi maglumata görä, Döwlet býujetiniň hasabyna durmuş ulgamyna bölünip berilýän serişdeleriň möçberi 70 göterimden gowrak bolar we zähmet haklary, pensiýalar, kömek pullary 10% ýokarlanar. Şeýle-de, geljek ýylda döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek işleri dowam etdiriler.

Mundan başga-da, Mejlis Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 87 848 186,0 müň manat we çykdajylar boýunça 87 608 676,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamak barada karar çykardy.

Türkmenistanda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän ykdysady krizis, şeýle-de manadyň dollaryň garşylygyndaky durnuksyz ýagdaýy we pandemiýa çäklendirmeleri ilatyň güzeran aýlamak mümkinçiliklerini azaltdy.

Galyberse-de, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň daşary ýurtlaryň býujet aýdyňlygy boýunça 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda, býujet dokumentleriniň ýoklugy sebäpli, Türkmenistanyň býujetiniň ygtybarlylygyny kesgitlemek başartmaýandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG