Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat: Özbek raýatlaryndan goňşy ýurtlaryň serhedinde para soralýar


Täjigistanyň "Pahtakor" serhet geçelgesi. Arhiw suraty
Täjigistanyň "Pahtakor" serhet geçelgesi. Arhiw suraty

Özbegistanyň Kun.uz web sahypasy Täjigistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bilen aradaky serhet geçelgelerinde özbek raýatlaryndan pul soralýandygyny habar berýär.

Neşiriň habarçysynyň ýazmagyna görä, iň ýokary "para" Täjigistan bilen serhetde soralýar. “Oýbek” serhet geçelgesindäki täjik serhetçileri Özbegistanyň raýatlaryndan, serhetden geçmek üçin, 150-200 somoni (150-200 müň som ýa-da 14-20 dollar) möçberinde para alýarlar diýip, neşir habar berýär.

"Munuň üçin örän ýönekeý, ýöne ýürege düşgüç usul ulanýarlar" diýip, habarda aýdylýar. Makalada tassyklanylmagyna görä, özbegistanlylary bitarap zonada birnäçe sagat garaşmaga mejbur edýärler, ahyr netijede olaryň serhetçi bilen "ylalaşmakdan" başga çäresi galmaýar.

Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň serhet geçelgelerinde soralýan paralaryň möçberi Täjigistanyň postlaryndakydan has pes, emma bu serhetlerde-de beýleki tarapa geçýän özbek raýatlaryndan pul talap edilýär.

Täjik häkimiýetleri häzirlikçe özbek web sahypasynda peýda bolan habara reaksiýa bildirmedi.

Şu ýylyň awgust aýynda täjik-özbek serhedindäki “Fotehobod” serhet geçelgesinde para sebäpli köp şikaýat edilenden soň, “Fotehobod” barlag nokadynyň başlygy we onuň orunbasarlary Täjigistanyň serhet ýolbaşçylary tarapyndan işden boşadyldy.

Serhetden geçýän raýatlaryň habar bermeklerine görä, täjik serhetçileri diňe Özbegistanyň raýatlaryndan däl, eýsem Täjigistanyň raýatlaryndan hem pul talap edýärler. Aýdylmagyna görä, tomus serhetçiler serhetden geçmek üçin 500-den 1000-e çenli somoni talap eden bolsalar, indi 100-den 200-e çenli somoni talap edýärler.

XS
SM
MD
LG