Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa Sakaşwiliniň boşadylmagyny talap edip, türmäniň öňünde protest bildrer


 Nika Melia
Nika Melia

Gürjüstanyň "Bitewi milli hereket" oppozisiýa partiýasynyň lideri Nika Melia 2-nji noýabrda Rustawide, Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Sakaşwiliniň saklanýan türmesiniň öňünde, onuň boşadylmagyny talap edip, möhletsiz çäräniň başlanjakdygyny aýtdy.

"Gürjüstan proteste başlar!" diýip, Melia özüniň Facebook sahypasynda ýazdy.

Ol bu çäräniň ýerli wagt bilen agşam sagat 5-de başlanjakdygyny mälim etdi.

Oppozisiýa lideriniň sözlerine görä, bu çäre öňki prezident türmeden boşadylýança dowam eder.

Gürjüstandaky syýasy krizis Mihail Sakaşwiliniň ýerli saýlawlaryň birinji tapgyry başlanmazdan öň gizlenip ýurda gelmegi we türmä basylandan soň, boşadylmagyny talap edip açlyga başlamagy netijesinde has güýçlendi.

Sakaşwiliniň başlangyjy bilen döredilen “Bitewi milli hereket” 30-njy oktýabrda geçirilen ikinji tapgyr saýlawyň netijeleriniň dolandyryjy “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasynyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny öňe sürdi.

Deslapky netijelere görä, ýerli saýlawlaryň ikinji tapgyrynda “Gürjüstanyň arzuwy” 20 häkimligiň 19-synda ýeňiş gazandy.

Sakaşwili Facebookda BMH-iň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny, ýöne "Gürjüstanda häkimiýeti ele geçiren garakçylar toparynyň” bu ýeňşi özlerinden alandygyny öňe sürdi.

Ol raýatlary dolandyryjy “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasynyň elinden “häkimiýeti yzyna almak” üçin nägilelik bildirmäge çagyrdy.

Sakaşwiliniň açlyk yglan edenine 33 gün boldy. Ol Facebook sahypasynda 20 kilograma golaý agramyny ýitirendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG