Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Duşanbe Owganystandaky krizisi Täjigistandaky hukuk bozulmalaryndan ünsi sowmak üçin ulanýar


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Ýewropa Geňeşiniň başlygyÇarlz Mişel bilen, Brýussel, 2021-nji ýylyň 11-nji oktýabry.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Ýewropa Geňeşiniň başlygyÇarlz Mişel bilen, Brýussel, 2021-nji ýylyň 11-nji oktýabry.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) BMG-ni we halkara jemgyýetçiligini täjik häkimiýetleriniň ünsüni merkezi aziýa ýurdundaky gözgyny adam hukuklary ýagdaýyna çekmäge çagyrdy.

Täjik häkimiýetleri 4-nji noýabrda Ženewada, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň agzalaryna ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat bermeli.

Täjigistan awgust aýynda, Owganystany basyp alan “Talyban” meselesinde eýelän pozisiýasy bilen baglylykda, dünýä habarlarynyň merkezine düşdi diýip, halkara “Human Rights Watch” guramasynyň 1-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Täjik häkimiýetleri turuwbaşdan talyban dolandyryşyny ykrar etmejekdiklerini aýtdylar. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş edip, Owganystanda umumy ilatyň 46%-ne golaý bolan owgan täjiklerini öz içine alýan, hemme tarapy içine alyjy hökümet gurmagyň zerurdygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar Täjigistanyň bu pozisiýasynyň öz ýurdunda adam hukuklarynyň bozulmagyna göz ýumulmagy üçin sebäp bolup bilmejekdigini öňe sürýärler.

Halkara adam hukuklary guramalary Täjigistandaky adam hukuklary ýagdaýyny köplenç tankyt edýärler. Emma täjik häkimiýetleri hukuklaryň bozulýandygy baradaky faktlary inkär edýärler ýa-da halkara guramalarynyň tekliplerini düýbünden äsgermezlige salýarlar.

XS
SM
MD
LG