Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan sosial media, gyssagly habar saýtlaryna girişi çäklendirdi


Sosial mediada özbek polisiýasy barada çap edilen karikatura.
Sosial mediada özbek polisiýasy barada çap edilen karikatura.

Merkezi aziýa ýurdunyň şahsy maglumatlar kanunçylygynyň bozulandygy üçin, özbek häkimiýetleri köp sanly sosial media we gyssagly habarlaşma platformalaryna girmegi çäklendirdi we ulanyjylar bu çäräni derrew duýdy.

Emma prezidentiň metbugat sekretary Şerzod Asadow 3-nji noýabrda ýerli media gürrüňi edilýän saýtlara girişiň ýakyn wagtda dikeldiljekdigini aýtdy.

Onuň tassyklmagyna görä, Ozkomnazoratyň, Özbegistanyň aragatnaşyk düzgünleşdirijisiniň başlygy Golibşer Ziýaýew rugsatsyz we nädogry hereket edendigi üçin işinden boşadyldy.

Ozkomnazorat şol gün irden aprel aýynda güýje giren kanuny bozýanlaryň sanawyna Facebook, Instagram, LinkedIn, Moi Mir, Odnoklassniki, Telegram we YouTube kanallaryny goşdy. Täze kanun özbek ulanyjylarynyň şahsy maglumatlarynyň ýurtdaky serwerlerde saklanmagyny talap edýär.

Sosial ulgamlary ulanmak "kesgitlenen kemçilikler aradan aýrylýança kesgitlenen tertipde çäklendiriler" diýip, Ozkomnazoratyň çap eden beýanatynda aýdyldy.

Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdundaky internet ulanyjylar 3-nji noýabrda nyşanan alnan web sahypalaryna girilende döreýän bökdençlikler, şol sanda torlar ulanylan wagtyndaky bogulma ýa-da tizlik peselmesi barada habar berdiler.

Bu çäklendirme Twitter, TikTok, VKontakte, Skype we WeChat sanawa girizileninden dört aý soň girizildi. Emma WhatsApp hyzmatlarynyň kadaly işleýändigi aýdylýar.

Özbegistanda ulanylan soňky maglumat çäklendirmeleri prezident Şawkat Mirziýoýewiň geçen aý geçirilen saýlawda ýene bir möhlete prezident saýlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG