Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow ýurtdaky metan syzmalarynyň azaldyljagyny aýdýar


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Serdar Berdimuhamedow halkara maslahatynda eden çykyyşynda Türkmenistanda metan syzmalarynyň azaldylmagyna “milli derejede aýratyn üns berilýändigini” ynandyrmaga çalyşdy.

Hökümet başlygynyň orunbasarynyň BMG-niň klimat özgermesi boýunça Glazgow şäherinde geçirýän maslahatynda eden çykyşynda aýtmagyna görä, Türkmenistanyň “milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça” nazarda tutýan “ýokary ähmiýetli maksatlarynyň tassyklamasy bolup durýar”.

Şeýle-de, kiçi Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, “bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrümi, türkmen ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna, görnetin ýagdaýda peselýär”.

Türkmen DIM-niň web saýtynyň maglumatyna görä, ol bu sözleri BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) 26-njy mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

“Biz Ählumumy Metan Borçnamalary boýunça täze başlangyçlary goldaýarys we oňa doly derejede, mümkingadar gatnaşmak maksady bilen, onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirýäris” diýip, S.Berdimuhamedow aýtdy.

Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

Bu mesele golaýda Aşgabadyň ÝB hyzmatdaşlary bilen geçiren onlaýn maslahatynda hem gozgaldy. Emma türkmen metbugaty ol maslahatda gozgalan düýpli meseleler barada adaty dymmak usulyny ulandy.

Şu aralykda Türkmenistan Orsýetiň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen işlemän duran we ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşyk baglaşdy.

XS
SM
MD
LG