Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda Özbegistana we Täjigistana suwuklandyrylan gaz satan aýala jerime salyndy


Bezeg suraty

Gazagystanyň Şymkent şäherindäki kärhanalaryň birine ýolbaşçylyk eden aýal ykdysady gaçakçylykda, dokumentsiz suwuklandyrylan gazy Özbegistana we Täjigistana satmakda günäkärledi.

Ýerli metbugatyň habaryna görä, derňew wagtynda ol aýalyň 2020-2021-nji ýyllarda näbelli adamlardan suwuklandyrylan gaz satyn alyp, ol gazy goňşy ýurtlara iberendigi ýüze çykarylypdyr.

Aýdylmagyna görä, Özbegistana we Täjigistana bahasy 340,5 müň dollarlyk ýangyç, 966 tonnadan gowrak gaz bikanun eksport edilipdir.

Derňew wagtynda tassyklanylmagyna görä, suwuklandyrylan gazy gümrükçilerden geçirmek üçin galplaşdyrylan dokumentler ulanylylypdyr.

Kazyýet işine seredilen aýal 10 müň dollar möçberinde jerime tölemeli edildi. Şeýle-de, günäkärlenen aýal gaçakçylyk arkaly satan harydynyň bahasyna barabar töleg tölemeli boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG