Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz hökümeti türkmen gazynyň importy baradaky gepleşikleri tassyklady


Gyrgyz we türkmen prezidentleri Sadyr Žaparow we Gurbanguly Berdimuhamamedow, Aşgabat, 8-nji iýun, 2021.

Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow Bişkekde "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" ykdysady forumynyň çäginde Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşyp, Türkmenistandan Gyrgyzystana import ediljek elektrik togunyň we tebigy gazyň Özbegistanyň üstünden geçirilmegi baradaky meseläni maslahatlaşdy.

Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň metbugat gullugynyň habarynda gaz tranzitiniň detallary açylmaýar. Türkmenistandan gaz import etmek barada geçirilýän gepleşikler barada oktýabrda, ilki bolup, gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow habar berdi.

“Türkmenistana eden saparymda nebit, gaz we elektrik togy barada gepleşik geçirdim. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň prezidentine öz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Ol bize ýagtylyk, gaz we nebit berýär. Bu günki gün biz eýýäm Türkmenistandan elektrik alýarys. Gaz tranziti barada gepleşik geçirýäris... Benzin we dizel ýangyjy eýýäm Oşa gelip başlady” diýip, Žaparow aýtdy.

Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýunynda Türkmenistana eden sapary wagtynda iki ýurduň arasynda ýangyç we energetika hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, "Türkmen tarapy Gyrgyzystanyň ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, tehniki we guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýar".

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG