Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda dört aýaly öldürmekde güman edilýän adamlar tutuldy


Kabulyň pasport edarasynyň öňünde nobata duran aýallar. 5-nji noýabr, 2021
Kabulyň pasport edarasynyň öňünde nobata duran aýallar. 5-nji noýabr, 2021

Demirgazykdaky Mazari-Şerif şäherinde dört aýalyň, şol sanda hukuk aktiwistiniň öldürilmegi bilen baglanyşykly iki adam tussag edildi.

Talybanyň Içeri işler ministrliginiň bir resmisiniň 6-njy noýabrda twitterde ýerleşdiren wideo beýanatynda tassyklamagyna görä, güman edilýänler ol aýallary şu hepde jesetleriniň tapylan öýüne aldap eltendiklerini boýun alypdyrlar.

Resmiler güman edilýänleriň öldürendiklerini boýun alan aýallaryny näme sebäpden heläkländiklerini aýtmady.

Pidalaryň biri 29 ýaşly Frozan Safi bolup, ol Zainuddin Muhammet Babar medeni merkeziniň aýal hukuklary boýunça aktiwisti we uniwersitet mugallymy hökmünde tanalaýardy.

Merkeziň müdiriniň aýtmagyna görä, Safi daşary ýurtdaky ýanýoldaşyna goşulmak islebärdi we awgust aýynyň ortalarynda ýurdy ele geçiren talybanlaryň dolandyryşy astyndaky gelejegini gaýgy edýärdi.

Müdir AP habar gullugyna Safiniň Owganystandan gaçmaga kömek edip biljek adam bilen duşuşmak üçin üç hepde ozal öýünden çykandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG