Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German otlusyndaky pyçak hüjüminde üç adam agyr ýaralandy


300-e çenli ýolagçysy bolan otly hüjüm wagtynda Bawariýanyň Regensburg we Nýurnberg şäherleriniň arasyndan barýardy.
300-e çenli ýolagçysy bolan otly hüjüm wagtynda Bawariýanyň Regensburg we Nýurnberg şäherleriniň arasyndan barýardy.

Germaniýanyň günortasyndaky ýokary tizlikli otlyda bolan pyçakly hüjümde üç adam agyr ýaralandy diýip, häkimiýetler 6-njy noýabrda habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu hüjüm bilen baglylykda, ýerli wagt bilen ir sagat 9 töwereginde, 27 ýaşly siriýaly erkek tussag edildi.

300-e çenli ýolagçysy bolan otly hüjüm wagtynda Bawariýanyň Regensburg we Nýurnberg şäherleriniň arasyndan barýardy.

Otly Seubersdorf stansiýasynda saklandy we onuň üstünde uly polisiýa kontingenti ýerleşdirildi.

Içeri işler ministri Horst Seehofer "jenaýatyň sebäbiniň entek belli däldigini we indi kesgitlenmelidigini" aýtdy. Ýöne ol bu hüjümi “elhenç” diýip häsiýetlendirdi.

Howpsuzlyk çeşmeleri nemes metbugatyna şübheli adamyň soňky wagtlarda Awstriýa serhediniň golaýyndaky Passauda ýaşandygyny aýtdylar.

Iýun aýynda Germaniýanyň günortasyndaky Würzburg şäherinde bolan pyçak hüjüminde üç adam ölüp, birnäçe adam ýaraly boldy.

XS
SM
MD
LG