Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"War on carpet". Daşkentde suratkeş Şuhrat Babajanowyň personal sergisi açyldy


Şuhrat Babajanow. "War on carpet". "Xamar" çeperçilik galereýasy – Daşkent. 2021-nji ýylyň noýabry.
Şuhrat Babajanow. "War on carpet". "Xamar" çeperçilik galereýasy – Daşkent. 2021-nji ýylyň noýabry.

Daşkentdäki Xamar sungat galereýasynda tanymal özbek suratkeşi Şuhrat Babajanowyň «War on carpet» («Halyda şekillendirilen uruş») atly şahsy sergisi açyldy. Ýigrimi ýyl mundan ozal syýasy basyş sebäpli Özbegistandan giden we soňra ABŞ-nyň raýatlygyny alan suratkeş uzak ýyldan soň, öz sergisiniň açylmagy mynasybetli ilkinji gezek Özbegistana bardy.

Sergini guraýjylaryň biri Özbegistanyň Syýahatçylyk we sport ministrligi boldy. Xamar sungat galereýasynyň wekili Şirin Toşewanyň aýtmagyna görä, sergide hödürlenen käbir surat işlerine 2016-njy ýylda “ýakylmak” howpy hem abanypdyr.

58 ýaşly Şuhrat Babajanow tanymal suratkeş bolmakdan daşary, eýsem Özbegistanda henizem gadagan edilýän Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň öňki garaşsyz žurnalistidi. Ol merhum prezident Yslam Kerimowyň döwründe özüniň Sungat akademiýasynyň agzalygyndan çykarylmagyny we Özbegistanyň graždanlygyndan mahrum edilmegini alyp baran žurnalistik işleri bilen baglanyşdyrýar.

Sergi Özbegistanyň suratkeşleriniň we şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň, şeýle hem sungaty söýüjileriň ünsüni özüne çekmekden ötri, işleri gadagançylyga düşen suratkeşiň ykbaly bilen gyzyklanýan halk köpçüliginde-de uly gyzyklanma döretdi, ony Kerimow döwrüniň resmi metbugaty ýamanlapdy. Sergi çäresi köpçülikleýin habar serişdelerinde giňişleýin beýan tapdy, ol sosial ulgamlarynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Mirziýoýewiň maýyllygymy» ýa-da reklama?

Özbegistanyň halk hudožnigi, öňki Medeniýet ministri Tursunali Kuziýew Daşkentde açylan sergi barada ilkinjileriň biri bolup sosial ulgamda habar berdi hem Şuhrat Babajanowyň sergisiniň “Mirziýoýew maýyllygynyň” netijesinden bolandygyny ýazdy.

“Ahyr soňy çärýek asyrlap gadagan edilen sürgündäki suratkeşleriň işleri Xamar sungat galereýasynda görkezilýär. Ol diňe "Mirziýoýewiň maýyllygy" netijesinde Daşkentde gelmegi başardy hem şahsy sergisini gurap bildi. Bu ýol hudožnik üçin gaty uzak boldy. Onuň öz aýdyşy ýaly “daşlary ýygnamagyň wagty ýetdi” diýip, Tursunali Kuziýew 30-njy oktýabrda öz Facebook sahypasynda ýazdy.

Şuhrat Babajanow (çepden ikinji) Daşkentde geçýän öz şahsy sergisinde.
Şuhrat Babajanow (çepden ikinji) Daşkentde geçýän öz şahsy sergisinde.

Ýöne muňa garamazdan, Londonda ýaşaýan synçy Alişer Ilhamow Özbegistanyň hökümetiniň şeýle ädimleri "syýasy maýyllyga" däl-de, eýsem piar, ýagny şowhun-proýekte meňzeýär diýdi.

“Hakykatdanam, soňky wagtlarda özbek syýasy bosgunlarynyň ençemesi watanyna dolandy. Munuň özi hakyky maýyllygyň alamatymy? Men şeýle netijä gelmäge howlukmazdym. Häzirlikçe diňe režimi özleri üçin howpsuz hasaplaýanlar, aç-açan tankydy bes edenler yzyna dolanýarlar. Şu wagta çenli biz režimi tankyt edýän tankytçylaryň hiç biriniň yzyna gaýdanyny, watanynda-da öz tankydyny dowam etdirýäni görmedik. Munuň tersine, gaýtam ýerli tankytçylara garşy repressiw çäreleriň henizem ulanylýandygyny görýäris, mysallar soňky döwürde has ýygy-ýygydan ýüze çykdy.

Režimi tankytlaýanlara garşy hakyky maýyllygyň ýerine, birhili oýuny, nähilidir piar-proýekti görýäris” diýip, Alişer Ilhamow öz Facebook sahypasynda ýazdy.

Qalampir.uz onlaýn neşirindäki öz interwýusynda Şuhrat Babajanow: "Özbegistanda ýagdaý üýtgedi. Bu üýtgeşmeler Mirziýoýewiň syýasy erki bilen baglanyşykly" diýdi. Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde üýtgeşmeleriň "aşakdan” – jemgyýetden däl, eýsem munuň tersine, "Mirziýoýewiň şahsyýet hökmündäki uly üstünliginden” bolandygyny aýtdy.

Şuhrat Babajanow özbek hökümetiniň “gara sanawynda” duranlaryň arasynda, Özbegistana gaýdyp barmaga rugsat edilen ilkinji žurnalist ýa-da aktiwist däl. Prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda azyndan üç žurnalistiň Özbegistana barandygy belli – olar 2005-nji ýyldaky ganly Andijan wakasyndan soň ýurtdan çykmaga mejbur bolan Matlýuba Azamatowa, Zakir Ibragimow hem Galima Buharbaýewa.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna mälim bolşuna görä, Özbegistanyň daşynda ýaşaýan başga-da birnäçe garaşsyz žurnaliste we aktiwiste “watanyna dolanmak” teklip edilipdir.

Alişer Ilhamow şeýle etmek bilen Mirziýoýew hökümetiniň daşary ýurtda režimi tankytlaýanlaryň sanyny çäklendirmäge synanyşýandygyny öňe sürýär.

"Maksat, ýurduň öz içinde kemçilikleri konstruktiw tankytlamak üçin mümkinçilik döretmek däl-de, tersine, bosgunlaryň käbirini zyýansyzlaşdyrmak arkaly beýle tankyt üçin giňişligi çäklendirmek, ozal režime garşy durýanlary, ýurduň daşynda bolsalar-da, henizem hereket edýänleri abraýdan düşürmek" diýip, özbek synçysy aýdýar.

Daşary ýurtda ýaşaýan özbek aktiwistleriniň biriniň aýtmagyna görä, onuň bilen bir özbek resmisi aragatnaşyk açyp, ony "ýurda gaýdyp gelmäge höweslendirjek bolupdyr. Şonuň bilen birlikde “ýurda dolanmak teklibiniň piar, göz üçin edilýän çäre däl-de, ýurtda hakykatdanam üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini" ynandyrmaga synanyşypdyrlar.

– Dogrymy aýtsam, bu sözlere ynanasym geldi. Belki, bu karar bilen Mirziýoýew hakykatdanam Özbegistanyň abraýyny gowulandyrmak isleýändir? Özbegistana gaýdyp baran bir belli özbek aktiwist, oppozisiýaçy ýa-da žurnalist basyşa sezewar edilse ýa-da ýitirim bolsa, bu ilkinji nobatda Mirziýoýewiň halkara abraýyna zarba urar! Eýsem bu Mirziýoýewe gerekmi? Meniň pikirimçe, ýok. Mundan başga-da, golaýda Özbegistana gaýdyp baran aktiwistleriň hemmesi beýleki ýurtlaryň raýatlary. Olara bir zat bolan ýagdaýynda, uly dawa döräp biler. Emma meseläniň beýleki tarapy-da bar – prinsip meselesi. Mysal üçin, ýurda gaýdyp baran oppozisiýa ýa-da žurnalist Özbegistan hökümetini öňküsi ýaly tankytlap bilermi? Özbek resmileri meni ýurda dolanmaga çagyranda, men olara hut şu soragy berdim. Olar maňa häkimiýetleri arkaýyn tankytlap biljekdigimi aýtdylar. Muňa garamazdan, men entek Özbegistana baryp bilmejekdigimi aýtdym. Munuň üçin meniň maşgala ýagdaýym bilen baglanyşykly çynlakaý sebäbim bar. Meniň ýakyn garyndaşym kesel, bagyrda dörän rak keseliniň soňky tapgyryny başdan geçirýär – diýip, özüniň nämälim bolup galmagyny islän aktiwist aýtdy.

Otuz ýylda ilkinji gezek Daşkentde şahsy sergisini gurnap bilen suratkeş Şuhrat Babajanow serginiň "özbek hökümetiniň reklama kampaniýasy" we özüniň "häkimiýetlere satylandygy" barada aýdylýan tankytlary ret etdi.

– Daşkendiň merkezinde erkin pikirlenýänleriň ýygnagy geçirildi. Erkin pikir alyşma boldy. Meniň sergime meşhur oppozisiýa aktiwisti Mahbuba Kosimowa, şahyr zenanlar Muazzam Ibragimowa hem Guzal Begim, şeýle hem režimiň iň ýiti tankytçylaryndan biri Farida Şarif geldiler. Meniň sergim köp sanly kärdeşlerim üçin sungat baýramçylygyna öwrüldi, olaryň arasynda Wýaçeslaw Ahunow, Janis Salpinkidi ýaly belli adamlar bar. Olar örän gowy pikirde, meniň sergimi piar hasaplamaýarlar – diýip, Şuhrat Babajanow aýdýar.

«War on carpet». Şuhrat Babajanowyň pikirine görä, özbek çeperçilik sungatynda, uruş mowzuklary täzelik däl.
«War on carpet». Şuhrat Babajanowyň pikirine görä, özbek çeperçilik sungatynda, uruş mowzuklary täzelik däl.

«War on carpet»

Guramaçylaryň bellemegine görä, «War on carpet» şahsy sergisine çykarylan suratlardan 22 kartina Häzirki zaman sungat muzeýiniň we Özbegistanyň beýleki muzeýleriniň gaznasynda köp ýyllap saklanypdyr. Olary döreden hudožnigiň hem guramaçylaryň aýtmagyna görä, ol kartinalar soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ýurduň muzeýlerinde tozan basyp ýatypdyr, olary ýörite ýygnap, sergi üçin gaýtadan dikeltmeli bolupdyr.

Mundan başga-da, sergide suratkeşiň soňky ýyllarda döreden we Ýewropadaky muzeýlerde, şeýle hem şahsy ýygyndysynda saklanýan ýene-de ondan gowrak kartinasy görkezildi.

Şuhrat Babajanowyň aýtmagyna görä, şahsy sergisinde görkezilen suratlaryň köpüsi muzeýlere degişli bolup, olary satuwa çykaryp bolmaýar, ýöne isleýänler sergide goýlan işlerden, Çehiýada we Germaniýada döredilen beýleki suratlary satyn alyp bilerler.

“Meniň telekeçi-işewür dostlarym bu suratlary satyn alyp, Özbegistanyň Döwlet sungat muzeýine sowgat etmegi teklip etdi” diýip, Şuhrat Babajanow özüniň “Facebook” sahypasynda ýazdy.

Şonuň bilen birlikde hudožnik sergisiniň adyna – «War on carpet» («Halyda şekillendirilen uruş») ünsi çekýär. Onuň aýtmagyna görä, uruş temasynyň sergide görkezilmegi täzelik däl.

“XIX asyrda Horezmiň Kattabog obasynda ýasalan keramiki mejime tabaklarda däri bilen ulanylýan ýaraglaryň şekilleri peýda bolupdyr. Şeýle şekillere Buhara ussalarynyň miniatýura suratlarynda hem duşup bilersiňiz. Biz media we internet arkaly dünýäniň gyzgyn nokatlarynda barýan ýaragly çaknyşyklara syn edýäris. Şol wagtyň özünde, bu wakalara hudožnikler hem

seredýärler" diýip, hudožnik özüniň serginiň maksadyna düşündiriş teswirinde ýazýar.

Şirin Toşewa – «War on carpet» sergisini guranlaryň biri.
Şirin Toşewa – «War on carpet» sergisini guranlaryň biri.

«Gaçmak»

Daşkendiň Nyzamy adyndaky döwlet institutynyň çeperçilik grafikasy fakultetini gutaran Şuhrat Babajanow Çingiz Ahmarow, Malik Nabiýew, Ýanis Salpinkidi, Isfandiýar Haýdarow we Ruzi Çoriýew ýaly meşhur şekillendiriş ussatlary bilen bile okady.

1987-nji ýylda SSSR-iň Suratkeşler birleşigine agzalyga kabul edilen iň ýaş suratkeşdi.

Gorbaçýowyň perestroýkasy ýyllarynda, Babajanowyň aýtmagyna görä, "beýleki suratkeş dostlary bilen birlikde syýasata girdi" hem oppozisiýadaky “Erk” demokratik partiýasynyň hatarynda durdy.

1999-njy ýyldaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda Şuhrat Babajanow tarapyndan esaslandyrylan Ürgenç şäherindäki ALC hususy teleýaýlym kompaniýasy ýapyldy. Özbegistanyň Baş prokuraturasy onuň garşysyna "resminamalary galplaşdyrmak" maddasy boýunça jenaýat işini açdy. Şol sebäpli Özbegistandan gaçyp çykan suratkeş 2001-nji ýylda Germaniýadan syýasy gaçybatalga aldy.

Şuhrat Babajanowyň şahsy sergisinde goýan işlerinden biri.
Şuhrat Babajanowyň şahsy sergisinde goýan işlerinden biri.

Şuhrat Babajanow soňky ýigrimi ýyllyk işini sungat bilen däl-de, eýsem žurnalistika, esasan-da Azatlyk Radiosy bilen baglanyşdyrdy. Makalalar we habarlar ýazmak bilen birlikde, radioda "Kurultoý" we "Çodirhaýol" ýaly öz awtorlyk programmalaryny alyp bardy.

Azatlyk Radiosyndaky işleri sebäpli Şuhrat Babajanow Özbegistanyň resmi metbugatynda birnäçe gezek tankydyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle kampaniýalar diňe bir Kerimow döwründe däl, eýsem Mirziýoýew häkimiýet başyna gelenden soňra-da guraldy. 2018-nji ýylda Ürgençdäki kazyýet "Babajanow maşgalasynyň hiç biriniň bu öýde ýaşamaýandygyny" aýdyp, Babajanowyň doganlaryna degişli jaýy konfiskasiýa etmek barada karar çykardy. Bir ýyldan soň, 2019-njy ýylyň fewral aýynda, Özbegistanyň Ýokary kazyýeti bu karary ýatyrdy. Babajanowlaryň aýtmaklaryna görä, şol wagtda Özbegistana baryp görmekçi bolan Germaniýanyň prezidentine ýüz tutulandan soň, ol karar ýatyrylypdyr.

Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geleninden bir ýyl töweregi geçensoň, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda, öňki gadagançylyga garamazdan, Şuhrat Babajanowyň suratlary ilkinji gezek Daşkentdäki Zero Line galereýasynda sergä çykaryldy. "Gaçmak" ady bilen geçirilen şol sergini guraýjylardan biri, belli hudožnik Wýaçeslaw Ahunow bu adyň iki maksada eýedigini düşündirdi.

– Birinji manysy – bu sungatyň sosialistik realizmden gaçmagy, ikinjisi, diktatorlykdan gaçmak – diýip, Ahunow aýdýar.

2002-nji ýylda Berliniň "Haus der Kulturen der Welt" sergisinde görkezilen Şuhrat Babajanowyň "Çörek" atly işi Özbegistanyň şol wagtky Germaniýadaky ilçisi Wladimir Norowyň göwnünden turmady.

Mundan başga-da, 2010-njy ýylda Brýusselde Özbegistanyň Andijan şäherinde bolup geçen ganly wakalaryň bäş ýyllygyna bagyşlanan sergide, hudožnik “Andijan ýagyşy” atly çäge kompozisiýasyny hödürledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG