Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talybanyň” goldawy bilen poliomiýelite garşy sanjym kampaniýasy başlady


Gandaharda owgan saglyk işgärleri bir çaga poliomiýelit sanjymyny edýärler.
Gandaharda owgan saglyk işgärleri bir çaga poliomiýelit sanjymyny edýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary Owganystandaky çagalara poliomiýelite garşy sanjym kampaniýasyna başladylar. Bu soňky üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ölüm howply kesele garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan ilkinji milli kampaniýadyr.

Saglygy goraýyş ministrliginiň işgärleri 8-nji noýabrda başlanýan öýme-öý sanjym kampaniýasy wagtynda 5 ýaşa çenli 10 million çaga sanjym damjalarynyň beriljekdigini aýdýarlar.

Bu san uruş sebäpli heläkçilige uçran ýurduň käbir ýerlerinde ýokanç kesele garşy sanjym edilmedik 3 milliondan gowrak çagany hem öz içine alýar diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) we BMG-niň Çagalar gaznasy UNIСEF habar berýär.

Geçen aý UNIСEF we BSG “Talyban” ýolbaşçylarynyň Owganystanda poliomiýelite garşy sanjymlaryň gaýtadan başlamagyna goldaw berýändigini habar berdiler.

Geçmişde “Talyban” poliomiýelite garşy sanjym edýän toparlara hüjüm edip, olary öz söweşijileri barada maglumat ýygnamakda aýyplapdy. Emma aşa yslamçy topar awgust aýynyň ortalarynda halkara derejesinde goldanýan Kabul hökümetini agdardy we häzirki wagt Owganystany dolandyrýar.

Poliomiýelit - lagym we lagym suwlary arkaly geçýän, ysmazlyga we ölüme sebäp bolup bilýän bejerip bolmaýan keseldir.

XS
SM
MD
LG