Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan bilen gadagan edilen TTP toparynyň arasyndaky “ok atyşygy bes etmek” baradaky ylalaşyk güýje girdi


“Tehrik-e-Talyban Pakistan” (TTP) toparynyň agzalary
“Tehrik-e-Talyban Pakistan” (TTP) toparynyň agzalary

Pakistan bilen gadagan edilen “Tehrik-e-Talyban Pakistan” (TTP) toparynyň arasyndaky “ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek” baradaky ylalaşyk güýje girdi.

Pakistandaky “Talyban” topary diýlip hem tanalýan TTP bilen gelnen bir aýlyk ylalaşyk yglan edilenden birnäçe sagat soň, 9-njy noýabrda güýje girdi.

Pakistanyň maglumat ministri Fawad Çaudri TTP bilen gepleşikleriň dowam edýändigini we gepleşikleriň gidişi bilen baglylykda ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşygyň möhletiniň uzaldylyp bilinjekdigini aýtdy.

“Gepleşiklerde esasy üns döwletiň özygtyýarlygyna, milli howpsuzlyga, parahatçylyga we degişli ugurlarda ykdysady hem-de sosial durnuklylyga gönükdiriler” diýip, 8-nji noýabrda Çaudri aýtdy.

Çaudri gepleşikleriň ýeňilleşdirilmeginde Owganystanyň täze “Talyban” dolandyryjylarynyň rol oýnandygyny hem sözüne goşdy.

TTP, awgust aýynyň ortalarynda Kabulyň Günbatar tarapyndan goldanýan hökümetini agdaran owgan “Talyban” toparyndan aýrybaşga söweşiji topardyr.

Muňa garamazdan, Pakistanyň söweşiji toparlary köplenç Owganystanyň serhet araçäklerindäki söweşiji toparlar bilen baglanyşdyrylýar we olaryň ikisi hem yslam dininiň sünni mezhebine eýerýär.

XS
SM
MD
LG