Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Migrant krizisi: Polşa Belarus bilen serhedini ýapdy; Minsk duýduryş berdi


Polşanyň howpsuzlyk işgärleri we Belarusyň serhet araçäklerindäki migrantlar.

Polşa Belarus bilen gündogar serhedindäki serhet geçelgesini ýapdy. Bu waka Ýewropa Bileleşigini aladalandyrýan migrasiýa krizisi dowam edýän mahaly, Minskiň Warşawany “islendik prowokasiýa” garşy duýduran mahalyna gabat geldi.

“Bruji-Kuznika” serhet geçelgesi, Belarus tarapyndaky migrantlar ÝB agza Polşa girmek üçin tikenekli demir sim bilen örtülen haýatdan geçmäge synanyşandan soň, 9-njy noýabrda ýapyldy.

9-njy noýabrda Polşanyň polisiýasy tarapyndan Twitterde çap edilen wideolarda ýüzlerçe migrantyň gije çadyrlary gurnap, serhetiň Belarus tarapynda ýatandygy görkezildi.

Polşa tarapyndan ýaýradylan duýduryşlarda ýurda diňe resmi serhet geçelgeleri arkaly girmäge rugsat berilýändigi yglan edildi.

9-njy noýabrda Belarusyň Daşary işler ministrligi "gowşak, ýaragsyz adamlara garşy bikanun güýç ulanylmagyny aklajak islendik prowokasiýa” garşy duýduryş berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG