Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken ukrain delegasiýasyny kabul edip, strategiki hyzmatdaşlygy maslahat edýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken (s) we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba (ç)
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken (s) we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba (ç)

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken 10-njy noýabrda Waşingtonda ukrain kärdeşi bilen duşuşar.

Baýdeniň administrasiýasy rus agressiýasy sebäpli bu ýurda goldaw bermäge synanyşýar, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň ýolbaşçylaryny Günbatar tarapyndan goldanýan reformalary amala aşyrmaga iterýär.

Blinkeniň Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba we beýleki ýokary derejeli resmileri bilen geçiren gepleşikleri ABŞ-nyň prezident Jo Baýden bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň sentýabrda ABŞ-Ukraina Strategik Hyzmatdaşlyk Komissiýasyny gaýtadan açmak baradaky ylalaşygynyň yzýanyna gabat gelýär.

Waşington, Russiýanyň sebitdäki gitdigiçe agressiw pozisiýasyna garşy göreşde Ukraina diplomatiki we syýasy goldaw, şeýle-de ýarag berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary şol bir wagtyň özünde Kiýewe Ukrainada korrupsiýa garşy göreş we reformalary amala aşyrmak ugrundaky tagallalaryň ähmiýetini nygtap, basyş etdi.

Komissiýanyň bir günlük maslahatynda ýokary derejeli delegasiýa howpsuzlyk we rus agressiýasyna garşy göreş, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy, şeýle-de ykdysady özgerişler ýaly strategiki hyzmatdaşlygyň iň möhüm üç ugrunyň üstünde işlär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs bu komissiýanyň ABŞ we Ukraina üçin "dürli meseleler boýunça umumy ileri tutulýan ugurlarda aragatnaşyk saklamak we hyzmatdaşlyk etmek" üçin möhüm mehanizm bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG