Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň baştutanlary Owganystan barada pikir alyşdylar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

9-njy noýabrda Awstriýanyň daşary işler ministri Maýkl Linhartyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Merkezi Aziýa edýän saparynyň çäginde Türkmenistana bardy we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň resmileri gepleşiklerde söwda-ykdysady meselelere üns berlendigini, awstriýaly resmiler Owganystany, halkara we regional meseleleri maslahat edendigini aýdýarlar.

Maýkl Linhart özüniň twitter hasabynda "ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, şeýle hem Owganystan we howanyň üýtgemegi ýaly sebit we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, iki ýurduň baş diplomatlarynyň duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklardaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylypdyr we 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Bilelikdäki Türkmenistan-Awstriýa komissiýasynyň 11-nji mejlisini geçirmek ylalaşylypdyr. Gepleşikleriň netijesinde ministrler 2022-2023-nji ýyllar üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.

TDH döwlet habar agentligine görä, Awstriýanyň işewürleriniň türkmen bazaryna gatnaşygyny güýçlendirmek üçin tagalla edýändikleri bellenipdir. Hyzmatdaşlyk üçin perspektiw ugurlaryň arasynda senagat, energiýa we ulag agzalypdyr.

Türkmenistan Awstriýa bilen 1992-nji ýyldan bäri diplomatiki gatnaşyk saklaýar.

XS
SM
MD
LG