Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň daşary işler, goramak ministrleri rus kärdeşleri bilen Parižde gepleşik geçirer


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we goranmak ministri Sergeý Şoýgu
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Ýokary derejeli fransuz resmileri 12-nji noýabrda Parižde Russiýanyň goranmak we daşary işler ministrlerini kabul ederler hem-de Ukraina, Eýranyň ýadro programmasy we Russiýanyň Günbatar Afirkadaky hereketleri barada gepleşik geçirerler diýip, 9-njy noýabrda fransuz hökümeti yglan etdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Iw Le Drian (Jean-Yves Le Drian) we goranmak ministri Florens Parly (Florence Parly) Liwiýa boýunça geçirilýän maslahatyň gapdalyndan rus kärdeşleri Sergeý Lawrow we Sergeý Şoýgu bilen duşuşarlar diýip, fransuz beýanaty aýtdy.

Bu duşuşyk geçen ýyl oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň zäherlenip, munuň yz ýany Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar has pes derejä düşeli bäri, iki ýurduň daşary işler we goranmak ministrleriniň "2+2" ölçegde geçirýän ilkinji duşuşygy bolar.

Günbatar ýurtlary Moskwany Nawalnyny öldürmäge synanyşmak üçin nerw agentini ulanmakda aýyplady we bu wakadan soň Ýewropa Bileleşigi rus resmilerine sanksiýa girizdi.

Nawalny we onuň tarapdarlary zäherlenmäniň oppozisiýa lideriniň syýasy işlerinden ar almak üçin, prezident Wladimir Putiniň buýrugy bilen, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdylar. Kreml bu waka gatyşygyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG