Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: ABŞ-nyň we NATO-nyň Gara deňizdäki hereketleri Russiýa üçin “çynlakaý töwekgelçilik”


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Prezident Wladimir Putin ABŞ-nyň we NATO-nyň Gara deňizdäki hereketleri Russiýa üçin “çynlakaý töwekgelçilik” döredýär diýdi. Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa edeli bäri, sebitde goşmaça deňiz hukuklaryny talap edip gelýär.

Şu hepde amerikan media serişdeleri ABŞ resmileriniň bolmagy ahmal rus hüjümleriniň töwekgelçiligi barada ýewropaly ýaranlaryna duýduryş berendigini öňe süreli bäri, Putin 13-nji noýabrda beren beýanaty bilen, soňky 24 sagatdan hem az wagtyň dowamynda, Gara deňiz sebitindäki Günbatar harby güýçlerine ikinji gezek üns çekdi, hem-de Waşingtony dartgynlylygy möwjetmekde aýyplady.

“Birleşen Ştatlary we onuň NATO-daky ýaranlary Gara deňizde öňünden meýilleşdirilmedik tälim-türgenleşikleri geçirýärler” diýip, Putin “Westi” döwlet kanalynda aýtdy.

“Bu tälim-türgenleşiklere diňe bir iri deňiz toparlary däl, eýsem, awiasiýa, şol sanda strategik awiasiýa hem gatnaşýar. Bu biziň üçin çynlakaý töwekgelçilik” diýip, Putin aýtdy.

Onuň haýsy tälim-türgenleşiklere salgylanýandygy aýdyň däl, ýöne NATO soňky dört aý töweregi wagt bäri Gara deňizde iri tälim-türgenleşikleri geçirdi.

Geçen hepde ABŞ resmileri Russiýanyň Ukraina serhedine golaý çäklerdäki hereketlerine howatyrlanma beýan etdi. Ol sebitlerde Russiýa goldawly separatistler ýedi ýyl bäri dowam edýän çaknyşykda giň territoriýa gözegçilik edýärler.

Döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýa Ukraina babatda “çynlakaý ýalňyşy” gaýtalamazlygy duýdurdy. Waşington serhede golaý çäklerdäki rus goşun hereketleri barada maglumat isledi. Pentagon rus goşun hereketlerini “ululygy we gerimi boýunça adaty däl” atlandyrdy.

Şeýle aladalary 12-nji noýabrda ÝB resmileri hem gaýtalady. Olar ABŞ we britan ýaranlary bilen bilelikde ýagdaýy synlaýandyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG