Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýa bilen dartgynlylygyň arasynda, Berdýanskidäki bazanyň gurluşygyny tizleşdirýär


Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikow Berdýanska sapar edýär. 13-nji noýabr
Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikow Berdýanska sapar edýär. 13-nji noýabr

Ukrainanyň goranmak ministri, Russiýa bilen durnuksyz sebitde dartgynlylygyň ýitileşmegi bilen, Berdýanskiniň portundaky harby-deňiz bazanyň gurluşygyny tizleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Goranmak ministr Oleksiý Reznikow bu barada 13-nji noýabrda Berdýanska eden saparynyň yzýany mälim etdi.

Ukraina Moskwanyň möhüm Azow deňziniň gözegçiligini ele geçirmek isleýändigini aýdyp, täze harby-deňiz bazanyň munuň öňüni almaga gönükdirilendigini aýdýar. Azow deňzi Russiýanyň 2014-njy ýylda bikanun basyp alan Krym ýarymadasy bilen serhetleşýär.

“Bu ugurda öz ukybymyzy pugtalandyrmak we umuman harby-deňiz güýçlerini kämilleşdirmek - biziň öňde goýýan esasy maksatlarymyz bolup dur” diýip, Reznikow belledi.

Bu soňky özgermeler Kiýewiň we Günbatar güýçleriniň, şol sanda ABŞ-nyň Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýyndaky hereketlerine alada bildirmeginiň fonunda bolup geçýär. Galyberse-de, Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler Ukrainanyň gündogar sebitlerinde uly territoriýalara kontrollyk edýärler.

XS
SM
MD
LG