Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa Belarus bilen serhetde migrantlar bilen çaknyşyklaryň bolandygyny aýdýar


Polşanyň serhet resmileriniň maglumatyna görä, serhedi bikanun geçmek boýunça 223 sany synanyşyk edilipdir.
Polşanyň serhet resmileriniň maglumatyna görä, serhedi bikanun geçmek boýunça 223 sany synanyşyk edilipdir.

Polşa Belarus bilen serhetde sowuk howa şertlerinde gabalan 200 töweregi migrantyň Ýewropa Bileleşigine agza döwletiň çägine zor bilen girmäge synanyşandygyny mälim etdi. Bu aralykda, Belarusyň bileleşigiň gündogar serhetlerinde krizisi döretmegine jogap hökmünde, Minske garşy täze sanksiýalaryň girizilmegine garaşylýar.

Polşanyň serhet resmileriniň 13-nji noýabrda beren maglumatyna görä, serhedi bikanun geçmek boýunça 223 sany synanyşyk edilipdir. Mundan başga-da, öten agşam Kolonia Klukowizçe sebitinde bolan şular ýaly bir synanyşygyň dowamynda, polisiýa ofiserlerine hüjüm edilipdir.

Polisiýa ýene başga bir ýagdaýda 50 töweregi migrantyň Starzina obasynyň golaýyndaky serhet geçelgesindäki böwetlerden geçendigini, netijede 22 yraklynyň saklanandygyny aýtdy.

ÝB liderleri Minski “gibrid uruş” taktikalarynda aýyplaýarlar. Olar geçen ýyl geçirilen dawaly saýlawlardan bäri özge pikirleri ýowuzlyk bilen basyp ýatyrýan awtoritar Aleksandr Lukaşenka režimine garşy girizilen sanksiýalardan ar almak üçin, Minskiň garyp ýurtlardan migrant getirip, olary serhede itermekde aýyplaýarlar.

Diýdimzor Lukanşenkanyň hökümeti bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG