Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deslapky netijelere görä, Bolgariýadaky saýlawlarda korrupsiýa garşy täze partiýa öňe saýlandy


Saýlaw postery. Bolgariýa
Saýlaw postery. Bolgariýa

Täze döredilen korrupsiýa garşy partiýa, bölekleýin resmi netijelere görä Bolgariýanyň umumy saýlawlarynda dörtden bir böleginden gowrak ses alyp, ýeňiş gazandy.

Bolgariýaly saýlawçylar bir aýlap dowam eden syýasy kynçylyklary ýeňip geçmek we COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, şeýle hem energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy we endemiki korrupsiýa garşy göreşmek üçin mejlis we prezident saýlamak üçin saýlawlara bardylar.

Emma saýlawlarda hiç bir partiýa aç-açan köplük gazanyp bilmedi. Bu ýyl Ýewropa Bileleşiginiň iň garyp agza döwletinde geçirilen üçünji ses berişlik, bölünen parlamentde has agyr koalisiýa gepleşiklerine gapy açdy.

Saýlaw býulletenleriniň 42 göteriminden gowragy sanalanda, Garwardda bilim alan iki telekeçiniň ýolbaşçylygyndaky merkezçi hereket 26 göterim töweregi ses aldy diýip, Merkezi saýlaw komissiýasy 15-nji noýabrda mälim etdi.

Öňki premýer-ministr Boýko Borisowyň partiýasy 21,4 göterim ses bilen ikinji boldy.

240 orunlyk parlamente beýleki bäş partiýa girmeli boldy: Sosialistik partiýa, etniki türk DPS partiýasy, anti-elita “Şeýle adamlar bar” partiýasy, liberal korrupsiýa garşy Demokratik Bolgariýa we milletçi Galkynyş partiýasy.

Bölekleýin resmi netijeler prezidentlik ugrundaky ýaryşda garaşsyz dalaşgär bolup, parlamentde üç partiýanyň goldawyny alan Rumen Radewiň ikinji bäş ýyllyk möhlete saýlanjagyny görkezdi.

Radew 49,5 göterim ses aldy, emma saýlawçylaryň gatnaşyk derejesiniň zerur 50 göterimden pes bolandygy üçin onuň 21-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda 22 göterim ses toplap, ikinji orunda barýan Anastas Gerdijikow bilen bäsleşmeli bolup biler.

XS
SM
MD
LG