Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý "Delta" görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşýär


Hytaý
Hytaý

Koronawirus pandemiýasynyň ilkinji gezek ýüze çykan ýurdy bolan Hytaý, keseliň "Delta" görnüşi sebäpli dörän iň uly COVID-19 tolkunyna garşy göreşýär. Häkimiýetler täze syýahat çäklendirmelerini girizip başladylar.

“Roýter” habar gullugynyň 14-nji noýabrda beren maglumatlaryna görä, 17-nji oktýabrdan bäri wirusyň ýokaşandygy tassyklanan jemi 1308 adam hasaba alnypdyr.

Käbir sebitler ýokançlygyň has çalt ýaýraýan ýeri bolan demirgazyk-gündogardaky Dalian şäheriniň ýaşaýjylarynyň gelmegini çäklendirip başladylar.

Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende kesellänleriň sany has az bolsa-da, "Delta" görnüşiniň ýaýramagy Hytaýda pandemiýanyň soňky döwürdäki iň uly tolkunyny görkezýär. 21 welaýata, sebitlere we häkimliklere ýaýran wirusa garşy göreşde Hytaýyň häkimiýetleri hökümetiň çydamsyzlyk syýasatyna laýyklykda çemeleşdi we regionlary petiklemäge synanyşdy.

Milli saglyk komissiýasynyň işgäri metbugat ýygnagynda 7,5 million ilatly Dalian wirusa garşy göreşmek üçin ýapyldy diýdi.

XS
SM
MD
LG