Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Russiýany din azatlyklaryny “iň erbet bozýan” ýurtlaryň sanawyna goşdy


ABŞ-nyň Döwlet departamenti

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Russiýany dünýäde din azatlyklaryny “iň erbet bozýan” ýurtlaryň sanawyna resmi taýdan goşdy. Bu sanaw Eýrany, Pakistany, Täjigistany, Türkmenistany we başga-da bäş ýurdy öz içine alýar.

ABŞ-nyň Din azatlyklary boýunça halkara komissiýasy 21-nji aprelde çap eden ýyllyk hasabatynda Russiýany, Hindistany, Siriýany we Wýetnamy din azatlyklaryny “sistematik görnüşde, yzygiderli we gözçykgynç bozýanlaryň” kategoriýasyna, “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna goşmagy teklip edipdi.

Döwlet sekretary Antoni Blinken özüniň Russiýany bu sanawa goşýandygyny yglan etdi. Ýöne ne Hindistan, Siriýa, ne-de Wýetnam “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna goşulmady. Gara sanaw din azatlyklaryna girizýän çäklendirmelerini gowşatmaýan ýurtlara sanksiýa girizilmegine ýol açýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG