Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezidenti Belarus bilen serhetde harby konflikt howpunyň ýokdugyny aýdýar


Polşanyň prezidenti Andreý Duda
Polşanyň prezidenti Andreý Duda

Polşanyň prezidenti Andreý Duda Belarus bilen aradaky serhetde harby konflikt howpunyň ýokdugyny aýdýar. Ýakyn Gündogardan bolan müňlerçe migrant Ýewropa Bileleşigine aşmak umydy bilen Polşa-Belarus serhedinde garaşýar.

Polşa soňky günlerde migrantlaryň Ýewropa Bileleşigine agza ýurduň araçägini kesip geçmekleriniň öňüni alyp, serhetde howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebite goşun iberdi, ýöne Duda munuň raýat meselesidigini aýtdy.

Muňa garamazdan, Duda NATO-ny Ýewropa Bileleşiginiň Belarus bilen aradaky serhedindäki ýagdaýlary ýakyndan synlamaga çagyrdy. Ýurda girmäge synanyşan migrantlar 16-njy noýabrda polýak güýçleri bilen çaknyşdy. Migrantlar Belarus bilen Polşanyň arasyndaky serhetde indi birnäçe gün bäri garaşýarlar.

Polýak güýçleri olary uzaklaşdyrmak üçin suw toplaryny, göz ýaşardyjy gazy we tüsse bombalaryny ulandy.

XS
SM
MD
LG