Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bar zady aýtmaga het eden gyz" ýa-da özbek ýokary okuw jaýlaryndaky ýaşyryn meseleler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Baş prokuraturasy Daşkent döwlet pedagogika uniwersitetinde bir student gyzy zorlamak synanyşygy boýunça şübhe bildirilýäne garşy derňew işiniň başlanandygyny habar berdi.

Respublikanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Şohruh Giýasow uniwersitet studentini zorlamaga synanyşan dekanyň orunbasaryna garşy, Özbegistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 118-nji maddasy ("Zorlamak") we 105-nji maddasy ("Bedeniň bilkastlaýyn orta derejede şikeslenmegi") boýunça jenaýat işiniň açylandygyny aýtdy. Dekanyň orunbasarynyň 23-nji oktýabrda tussag astyna alnandygyny hem habar berdi.

Bu waka barada ilkinjileriň biri bolup habar beren Nemolchi.uz portalynyň ýazmagyna görä, “20 ýaşly student gyz Zülfiýa baýragy ugrundaky bäsleşige gatnaşmak üçin, gerek bolan güwänamany hem-de teklip haty almaga dekanyň orunbasarynyň ýanyna baranynda, ol gyzy zorlamaga synanyşypdyr, garşylyk görkezensoň gyzy ikinji gatyň penjiresinden, aşak oklapdyr”.

Keselhana ýerleşdirilen gyza katatrawma, bogunlara şikes ýetmek, sag egni we çanaklyk süňkleriniň döwülmegi, bäşinji oňurganyň döwülmegi, kelle-beýni çanagynda ýapyk döwügiň emele gelmegi, beýniniň sarsmagy, maňlaýynyň ýaralanmagy we trawmatiki zarba diagnozy goýuldy.

Azatlygyň žurnalisti bolan waka barada düşündiriş almak üçin, Daşkent döwlet pedagogika uniwersitetiniň rektory bilen habarlaşdy. Ýöne özüni rektoryň kömekçisi hökmünde tanadan söhbetdeş uniwersitetiň wekilleriniň bolup geçen waka barada düşündiriş berip bilmejekdigini, sebäbi bu iş boýunça derňewiň entek tamamlanmadygyny aýtdy.

"Açyk gürlemäge gaýrat tapan gyz"

Şeýle-de bolsa, başgalar derňew işiniň gizlinlik düzgünine eýermediler. Wakadan soň resmi guramalaryň we metbugatyň hasabatlarynda diňe bir bolan ýagdaýyň jikme-jiklikleri däl, eýsem şübhe bildirilýäniň şahsyýeti hakda hem maglumat berildi. Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa "gyz talyplara azar bermek (harrasment) ýurduň ýokary okuw jaýlarynda çynlakaý mesele" diýip ýazdy.

Mirziýoýewa özüniň sosial ulgamlarda "pedagogika uniwersitetiniň talyby bilen bolan waka suwdaky buzuň ýokarky görünýänje bölegi" diýip ýazdy.

“Aýtmagy ýüregine düwen bu gyza gaýduwsyzlygy hem batyrlygy, berk pikirde durup bilendigi üçin minnetdarlyk bildirmelidiris. Kanunsyzlyk barada sesini gataldyp bilmeýänleriň näçesiniň başdan geçirmeleri kabinetlerde hemişelik jaýlanýar? Pida çekenleriň näçesiniň ýagdaýy baradaky derňewe päsgelçilik berildi? Bir aýaly ynandyrmagy ýa-da gorkuzmagy başaranlygy sebäpli näçe jenaýatçy suwdan gury çykdy?" diýýär.

“Bu gün men bu barada dyngysyz pikir edýärin. Bize Senatyň, Baş prokuraturanyň, Içeri işler ministrliginiň we habar beriş serişdeleriniň tagallalaryny birleşdirýän uly taslama gerek. Jenaýatçynyň jogapkärçilikden gaçmazlygy üçin, şeýle wakalaryň her biri köpçülige aýan edilmelidir. Zorlugyň pidalary özleriniň sesiniň eşidiljekdigine we kömek ediljekdigine ynanmalydyrlar, zorluga ýüz urýanlar jezadan gutulmajagyny bilmelidir. Soňra diňe bir uniwersitetlerde däl, eýsem başga bir ýerde hiç kim gyzlary okuwdan kowmak ýa-da başga bir ýol bilen haýbat atmaga het edip bilmez, olar ýala ýokary wezipeleriniň arkasynda gizlenip, kanuny bozmak mümkin bolmaz” diýip, Saida Mirziýoýewa sözüni jemleýär.

Günäsizligi ýuridik dogry hasaplamaklyk

Daşkent döwlet pedagogika uniwersitetiniň talybyny zorlamak synanyşygy bilen baglanyşykly waka barada düşündiriş bermek bilen “Ezgulik” adam hukuklary jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Taşanow günäsizligi ýuridik dogry hasaplamaklyk bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi.

– Köpçülik iş ýüzünde okuwçyny zorlamak synanyşygynda güman edilýän mugallyma höküm çykardy diýen ýaly. Aslynda, başlanan jenaýat işiniň çäginde derňew entek gutarmansoň, hakykat ýüzünde näme bolandygyny hiç kim bilenok. Islendik şübhe bildirilýän adamda "günäsizlik prezumpsiýasy" diýilýän ýörelgä esaslanýan tebigy goraga hukugy bar. Şonuň üçin bolup geçen zatlara kanuny baha bermek entek ir. Muňa garamazdan, görnükli şahsyýetleriň we öňki hökümet işgärleriniň bu waka baradaky duýgulary alada döretmän bilmez. Jikme-jik derňew işleri gutarmazdan öňürti höküm çykarmak meýli jemgyýetde kanunyň esasy alamat däldigini görkezýär – diýip, Taşanow aýdýar.

Köp sanly hadysadan diňe biri

Jynsy taýdan deňlik we jynsy zorluk meselelerini beýan edýän Daşkent şäherinden bolan žurnalist we mugallym Nargis Kosimowanyň pikirine görä, “dekanyň orunbasary we student gyz bilen bagly dawa” sosial ulgamlarda bir taraply ara alnyp maslahatlaşylýar. Onuň Azatlyga aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýlar ýurduň ýokary okuw jaýlarynda köp duşýan adaty ýagdaý.

– Men sosial media kanalynda "Zorluk ýok" ady bilen jynsy taýdan deňlik komissiýasyny alyp barýaryn. Gynansagam, hakyky durmuşda beýle ýagdaý adaty bir zat, ýagny köp duşýar. Şeýle-de bolsa, gyzlar bu hakda hiç kime aýtmazlygy dogry hasaplaýarlar. Nähilem bolsa, meniň işleýän ýokary okuw jaýymda talyp gyz diňe ylmy işiniň ýolbaşçysy oňa azar berendigi sebäpli okuwyny taşlady. Bu meniň eşidenimden diňe bir ýagdaý – diýip, Kosimowa aýdýar.

Bu aralykda Özbegistanyň sosial ulgamlarynda şeýle ýazgylar hem bar, olaryň awtorlary Daşkent döwlet pedagogika uniwersitetiniň studentini abraýdan düşürmek isleýärler, sebäbi ol dekanyň orunbasarynyň özüni zorlamaga synanyşandygyny aç-açan aýdypdyr.

– Iň erbet zat, jemgyýetimizde ähli nogsanlyklarda aýalyň özüni günäkärlemäge synanyşýarlar. Gynansak-da, käbirleri talyp gyzyň özüniň dekanyň orunbasary bilen oýun eden bolmagy mümkin diýip ýazýar. Meniň pikirimçe, aýal-gyzlara ikinji derejeli şahsyýet hökmünde garalmazlygy üçin, jemgyýetiň aňyny ýokarlandyrmak gerek – diýip, Nargis Kosimowa Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň habaryna görä, 15 ýaşdan 49 ýaş aralygyndaky gyzlaryň we aýallaryň 25%-den gowragy öz durmuşynda, fiziki ýa-da jynsy zorluklara sezewar bolýarlar. Beýle hadysalaryň 33%-i Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda ýüze çykýar.

Özbegistanyň ilatynyň ýarysyny aýallar düzýär. Jynsy zorluk iň ýiti meselelerden biri bolup, ol şu güne çenli yzygiderli ýüze çykyp gelýär.

Şeýle-de bolsa, Özbegistanda gyzlara we aýallara garşy zorluklar barada resmi statistika ýok.

Bilermenleriň pikirine görä, özbek gyzlary we aýallary köplenç utançdan we ýazgarylmakdan gorkup, beýle ýagdaýlarda dymmagy makul bilýärler. Şol sebäpli-de, giň halk köpçüligi bu barada hiç zat bilmeýär diýip, olar aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG