Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak başlygy Bahreýne eden saparynda Eýrana garşy durmaga söz berdi


ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almaga, şeýle-de onuň Ýakyn Gündogarda partlaýan dronlaryny “howply ulanmagyna” garşy çäre görmäge söz berdi. Austiniň 20-nji noýabrdaky bellikleri Waşingtonyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň fonunda edildi.

“Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almaga ygrarly bolmagynda galýar. Şeýle-de, biz ýadro meselesiniň diplomatiki çözgüdine ygrarly bolmagymyzda galýarys” diýip, Austin Bahreýnde her ýyl geçirilýän Manama Dialogy maslahatynyň dowamynda aýtdy. Munuň ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasy we sebitdäki hereketleri boýunça aladalanýan arap ýaranlaryna kepillerini äşgär etmek üçin aýdylandygyna çalym edýär.

“Ýöne welin, eger-de Eýran çynlakaý çemeleşmek islemese, onda Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin biz ähli mümkinçiliklere gararys” diýip, Austin sözüne goşdy.

2018-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Donald Trampyň Birleşen Ştatlary birtaraplaryn görnüşde Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çykarmagyndan soň, regionda birnäçe dartgynly hadysalar, şol sanda deňizdäki gämilere garşy dronly we minaly hüjümler boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden eger-de Eýran ylalaşykdaky ähli şertleri berjaý edip başlasa, onda ylalaşyga täzeden goşuljakdygyny aýtdy.

Ýadro ylalaşygy boýunça Wenadaky gepleşikler 29-njy noýabrda dowam eder.

XS
SM
MD
LG