Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa migrantlaryň serhedi bikanun geçmäge synanyşandyklaryny aýtdy


Polşanyň polisiýasy Belarus serhediniň golaýynda
Polşanyň polisiýasy Belarus serhediniň golaýynda

Polşanyň resmileri Belarus serhedinden migrantlaryň bikanun geçmek synanyşyklarynyň dowam edýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar Minskiň serhetýakadaky lagerlerden ýüzlerçe migranty çykarmagyna hem garamazdan ýüze çykdy.

Polşanyň Serhet gullugunyň metbugat wekiliniň 19-njy noýabrda beren maglumatyna görä, öten agşamyň dowamynda 50 töweregi migrant simli böwetlerden aşyp, Polşanyň territoriýasyna geçmegi başarypdyr. Bu ýagdaýlar Ýewropa Bileleşiginiň gündogar serhetlerinde ençeme hepdeläp dowam eden krizisiň gowşap başlandygy baradaky yşaratlara garamazdan döredi.

Emma krizisiň entek çözülerden has irdigine meňzeýär. Polşa Belarusy ýüzlerçe migranty gaýtadan serhetýakada jemläp, olary serhedi bikanun geçmäge itekleýändigini aýtdy.

Diýdimzor Aleksandr Lukaşenka muny “bolup biläýjek” ýagdaý hökmünde ykrar etdi.

“Belki kimdir-biri olara kömek edendir. Men muňa garap hem oturjak däl” diýip, Lukaşenka 19-njy noýabrda BBC beren interwýusynda aýtdy. “Meniň pikirimçe, bu bolup biläýjek bir ýagdaý. Biz slawýanlar. Biziň kalbymyz bar. Biziň esgerlerimiz migrantlaryň Germaniýa barýandygyny bilýärler” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýewropa Bileleşigi Aleksandr Lukaşenkany, geçen ýyl geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan bäri ýurtda ýaýbaňlandyrylan basyp ýatyrmalar bilen bagly Belarusa garşy girizilen sanksiýalardan ar almak üçin, ýurda migrant getirip, olary Polşa, Latwiýa we Litwa bilen aradaky serhetlere gönükdirmekde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG