Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Türkiýäni gatnaşyklary gowulandyrmak boýunça “täze şertleri” orta atmakda aýyplaýar


Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan
Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan

Ermenistanyň daşary işler ministri Türkiýäni iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary durnuklaşdyrmak boýunça tagallalara “täze şertleri” orta atmakda aýyplady. Bu barada Ararat Mirzoýan Fransiýanyň Le Figaro neşirine 11-nji noýabrda Pariže eden saparynyň dowamynda aýtdy. Söhbetdeşlik 20-nji noýabrda Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap boldy.

Mirzoýan Türkiýäniň 2020-nji ýylda Daglyk-Garabag sebiti üstünde turan uruşda Azerbaýjana “uly goldaw” bermegine hem garamazdan, Ýerewanyň Ankara bilen gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

“Biz dialoga başlamak boýunça Türkiýeden oňaýly yşaratlary alsak-da, bu entegem çylşyrymly bolmagynda galýar” diýip, ermeni daşary işler ministri belledi.

“Ankara täze şertleri orta atýar. Olaryň arasynda Azerbaýjan bilen [Azerbaýjanyň eksklawy] Nahiçewany birleşdirjek ‘geçelge’ hem bar” diýip, ol sözüne goşdy.

Geçen ýyl Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky 44 günlük uruş, Russiýanyň araçylyk etmeginde ok atyşyklary bes etmek boýunça gelnen ylalaşygyň netijesinde tamamlandy. Bu ylalaşykda transport geçelgelerini açmak hem göz öňünde tutulypdy.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan meseleleri çözmek üçin “geçelge logikasyny” ret etdi. Mirzoýan hem Le Figaro beren interwýusynda “ekstraterritorial” geçelge talabyna garalmaýandygyny aýtdy.

“Döwletler tranzite rugsat bermeli, şol bir wagtda özüniň terriotrial bütewiligini hem saklamaly” diýip, ol belledi.

Türkiýe uzak wagtdan bäri Azerbaýjanyň möhüm ýarany bolmagynda galýar. Şol bir wagtda, Ankara Ermenistanyň Daglyk-Garabagy we onuň golaýyndaky sebitleri basyp alandygyny aýdyp, 30 ýyl töweregi bäri Ermenistan bilen serhetlerini ýapyk saklaýar.

XS
SM
MD
LG