Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa migrant krizisini Ýewropany ‘durnuksyzlaşdyrmak boýunça edilen iň uly synanyşyk’ atlandyrdy


Günbatar Lukaşenkany migrantlary getirip, olary Polşanyň serhedinden geçmegine iteklemekde aýyplaýar.

Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieçki Belarus bilen serhetdäki migrant krizisini Sowuk urşy döwründen bäri “Ýewropany durnuksyzlaşdyrmak boýunça edilen iň uly synanyşyk” diýip häsiýetlendirdi.

Morawieçki 21-nji noýabrda özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda diýdimzor Aleksandr Lukaşenkany Ýewropa Bileleşigine garşy “gibrid urşuny” başlatmakda aýyplady.

Şol gün Polşa “juda gazaply” diýip häsiýetlendiren 100-e golaý migrantyň serhetden bikanun geçjek bolandygyny hem mälim etdi.

Polşanyň goranmak ministri Mariusz Blaszçzakyň 20-nji noýabrda aýtmagyna görä, Belarus serhediň dürli nokatlarynda migrantlaryň ençeme toparynyň birdenkä geçmek synanyşyklaryny guramalaşdyrýar.

21-nji noýabrda Morawieçki bu meseläni maslahat etmek üçin, özüniň latwiýaly, litwaly we estoniýaly kärdeşleri bilen duşuşar.

Günbatar Lukaşenkany migrantlary getirip, olary Polşanyň serhedinden geçmegine iteklemekde aýyplaýar. Belarus bu aýyplamalary ret edýär we ÝB-ni migrantlary kabul etmezlikde tankytlaýar.

Lukaşenka 19-njy noýabrda BBC beren interwýusynda özüniň howpsuzlyk güýçleriniň migrantlara kömek edýän bolmagynyň “juda mümkindigini” boýun aldy, şol bir wagtda ol hökümetiniň migrantlary Belarusa getirýändigini inkär etdi. “Men olary bu ýere çagyrmadym” diýip, ol belledi.

Polşa krizisiň tomusda başlanaly bäri, azyndan 11 migrantyň ölendigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG