Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” tele-oýunlarda aýallaryň görkezilmegini gadagan etdi


Owgan žurnalisti (arhiw suraty)
Owgan žurnalisti (arhiw suraty)

Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ýurduň telewideniýesinde aýal oýunçylary görkezýän sahnalary gadagan etdi, şeýle-de aýal žurnalistleriň hijap dakynmaly boljakdyklaryny aýtdy.

Päk ahlak ündewi we azgynlygyň öňüni almak ministrligi 21-nji noýabrda sekiz maddadan ybarat “dini gollanmany” çap etdi. Bu “Talybanyň” häkimiýeti astynda kabul edilen nobatdaky çäklendiriji düzgünler boldy.

Mundan başga-da, ministrlik şahsyýetleri “kemsidýän” ýa “mertebesine şek ýetirýän” diýip häsiýetlendiren kinolary, komediýalary ýa-da güýmenje gepleşikleri gadagan etdi. Ministrlik toparyň Yslamyň kadalaryna bolan garaýyşyna we owgan medeniýetine garşy gelýän gepleşikleriň hem görkezilmegini ýatyrdy.

Täze çäklendiriji düzgünlere laýyklykda, Muhammet pygamberi ýa-da sarpa goýulýan beýleki şahslary, şeýle-de yslamçy toparynyň kadalaryna görä geýinmedik erkekleri görkezýän gepleşikler hem gadagan edildi.

“Bular adamyň özüni erkin beýan etmegine garşy kabul edilen çäklendiriji düzgünler däl. Bular ýönekeýje prinsipler” diýip, ministrligiň metbugat wekili Akef Mohajer Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Awgustyň ortasynda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Kabul hökümetiniň synmagyndan soň, “Talyban” ozalky, ýagny 1996-2001-nji ýyllardaky ýowuz häkimiýetinden tapawutlylykda, has köp aramlyk bilen hereket etjekdigini öňe sürüpdi. “Talybanyň” ozalky häkimiýeti döwri toparyň yslam kadalary babatyndaky garaýyşlaryny berjaý etdirmek üçin ýörite ahlak polisiýasy hem hereket edipdi.

XS
SM
MD
LG